TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Türkmenistan “EKSPO-2025” bütindünýä sergisine gatnaşar

Şu gün geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň “EKSPO-2025” bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, “Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýe şygar bilen guraljak bu halkara forumynyň 2025-nji ýylyň 13-nji apreli-13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriler.

Guramaçylyk işleriniň dowamynda ýapon tarapy Türkmenistanyň milli pawilýonyny “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” atly bölümde ýerleşdirmegi teklip edýär.

Şunuň bilen baglylykda, “EKSPO-2025” segisinde ýurdumyzyň pawilýonyny gurnamagyň binagärlik-gurluşyk taslamalaryny saýlap almak üçin ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan soňky ýyllarda şeýle halkara sergä yzygiderli gatnaşyp gelýär. Ine, şeýle iri bütindünýä sergisi, “EKSPO-2020” sergisi Dubaý şäherinde geçirildi we Türkmenistan bu sergä ýokary derejede gatnaşdy.

Sergidäki Türkmenistanyň pawilýonyny ýene-de 5 ýyl ulanmak göz öňünde tutulýar.

 

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistan bilen täze şertnama baglaşar

Ýene-de okaň

6 döwlet Türkmenistana täze ilçi belledi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Teswirle