TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistan bilen täze şertnama baglaşar

Hazar deňziniň türkmen kenaryny özleşdirmek, hususan-da önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşyk esasynda “Çeleken” şertnamalaýyn çägini özleşdirmek işlerini netijeli dowam etdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda “Dragon Oil Türkmenistan LDT” kompaniýasy bilen bilelikde degişli işleri geçirmek baradaky teklipler hödürlendi. Bu kompaniýa bilen “Türkmennebit” döwlet konserniniň arasynda gol çekilmegi göz öňünde tutulýan şertnama barada hasabat berildi.

“www.oilgas.gov.tm” internet neşirindäki ýerleşdirilen habarda bellenilip geçilişi ýaly, 1993-nji ýylda “Dragon Oil” Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky «Çeleken» şertnamalaýyn çäkde känleri barlamak we işläp taýýarlamak, taýýar önümi paýlaşmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ylalaşyga gol çekdi.

Kompaniýasynyň esasy iş ugry şertnamalaýyn çäkde ýerleşen Jeýtun we Jygalybeg nebit känlerini işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşendir. Bu ýerde “Dragon Oil” 2000-nji ýyldan bäri öz işini üstünlikli alyp barýar.

Kompaniýanyň taslama maýa goýumlarynyň umumy möçberi 7,5 milliard amerikan dollaryna barabar boldy.

2025-nji ýyla çenli Dragon Oil türkmen taslamasynyň çäklerinde nebitiň önümçiligini giňeltmegi we günde 100 müň barrele çenli ýetirmegi meýilleşdirýär.

 

Hytaýyň kompaniýasy Türkmenistanda nebit önümçiliginde elin hyzmatlary berer

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Teswirle