“Türkmenhowaýollary”: halkara uçar gatnawlarynda täze möhlet

Türkmenistan dünýä ýurtlaryndaky COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara uçar gatnawlaryny wagtlaýynça togtatmagy dowam etdirýär. Bu halkara gatnawlaryň wagtlaýynça togtadylmagy hem-de çäklendirmeler bilen baglanyşykly täze möhletler bilen baglanyşykly “Türkmenhowaýollarynyň” Russiýadaky wekilhanasy “https://turkmenistanairlines.ru/” internet saýtynda täze habar çap edildi.

Şol habarda hususan-da şeýle diýilýär:

Gadyrly ýolagçylar!

COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagy 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli uzaldyldy. Mundan ozal, 2021-nji ýylyň 28-nji fewralyna çenli togtadylypdy.

Aşakdaky ugurlarda ähli uçuşlar ýatyryldy:

Aşgabat – Stambul – Aşgabat

Aşgabat – Ankara – Aşgabat

Aşgabat – Moskwa – Aşgabat

Aşgabat-Sankt-Peterburg-Aşgabat

Aşgabat-Kazan-Aşgabat

Aşgabat-Minsk-Aşgabat

Aşgabat-Almaty-Aşgabat

Aşgabat-Frankfurt-Aşgabat

Aşgabat-Birmingem-Aşgabat

Aşgabat-Amritsar-Aşgabat

Aşgabat-Deli-Aşgabat

Aşgabat-Dubaý-Aşgabat

Aşgabat-Abu Dabi-Aşgabat

Aşgabat-Pekin-Aşgabat

Aşgabat-Bangkok-Aşgabat

Okap bilersiňiz  Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny bellige aldy

Mundan başga-da, ýurtda otly we şäherara awtobus gatnawlary hem 2021-nji ýylyň 1-nji martynda çenli togtadylypdy. Bu ugurda-da täze habarlara garaşylýar.

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

 

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: Türkmenbaşy-Stambul