TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Türkmen türgenleriniň Tokio Olimpiadasynda çykyş etjek wagtlary

Ýene-de 3 günden, ýagny 23-nji iýulda dünýäniň iň uly sport ýaryşy – Tokio Olimpiýa oýunlaryna badalga berler. 23-nji iýul-8-nji awgust aralygynda geçiriljek bu ýaryşa Türkmenistandan 9 türgen 4 ugur boýunça bäsleşer.

“orient.tm” neşiriniň habaryna görä, türkmen türgenleriniň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek günleri mälim edildi.

24-nji iýul: ilkinji bolup suwda ýüzmek boýunça türgenlerimiz ýaryşa goşular. Bu ýerde Merdan Ataýew 100 we 200 metr aralykda, Dariýa Semenowa bolsa 100 metre aralykda bäsleşer.

25-nji iýul: düzýudo boýunça bäsleşikler geçiriler. Bu ýaryşda 52 kilogram agramda Gülbadam Babamuratowa çykyş eder.

26-njy iýul: 55 kilogram agramda Kristina Şermetowa agyr atletika boýunça bäsleeşige goşular.

27-nji iýul: 59 kilogram agramda Polina Gurýewa agyr atletika boýunça medally orunlar üçin bäsleşer.

31-nji iýul: Olimpiýa oýunlarynda 81 kilogram agramda türkmen agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow sport meýdançasyna çykar.

2-4-nji awgust: Mergen Mämmedow ýeňil atletika boýunça ýaryşa goşular.

3-nji awgust:Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer.

4-nji awgust: Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Tokio Olimpiýa oýunlaryny Türkmenistandaky “IPTW” teleýaýlym ulgamyndaky Russiýanyň “Rossiýa 1” hem-de “Matç TW” ýaýlymlaryndan tomaşa etmek bolar.

 

Türkiýäniň uniwersitetleriniň wirtual sergisi

Ýene-de okaň

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Türkmen türgenleri Özbegistanda 11 medal gazandy

Mbappe – dünýäniň iň gymmat futbolçysy

Teswirle