TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Türkiýe talyp haklary: soňky günler….

“Türkiýe talyp haklary” maksatnamasynda resminamalary tabşyrmakda soňky mümkinçilik. Mälim bolşy ýaly  www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň okyjylary ilkinji bolup Türkiýäniň talyp haklary baradaky habary okapdylar. Geçen aýyň başlarynda Size ýetiren habarymyzdan bäri eýýäm 1 aý geçdi we “Türkiýe talyp haklary” maksatnamasyna resminamalar tabşyrmak üçin bellenen möhlet tamamlanýar. Ýanwar aýynyň 10-yna başlan möwsüm fewral aýynyň 20-sine tamamlanýar.

“Türkiýe talyp haklary” maksatnamasyndan peýdalanmak we resminamalar tabşyrmak, şeýle-de talyp haklary baradaky aşakda linki berilen habarymyzy okamagy maslahat berýäris. Talyp haky baradaky has giňişleýin maglumaty berýän wideo habarymyzy Atavatan TV You Tube kanalyndan  şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda biz ýene ilkinji bolup Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny ýetirip başladyk. Bu sanawa Türkiýeden giren ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny hem aşakdaky linkden tapyp bilersiňiz.

Hormatly okyjylarymyz!

Halkara okuw bilen baglanyşykly peýdaly we gyzykly habarlary okamak üçin şu ýere basyp, saýtymyzyň Applikasiýasyny mugt ýükläp alyň!

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin : 

+993 63 78 96 73 &  +993 12 96 48 55

Türkiýede bilim almak isleýän oglan-gyzlarymyzyň Stambul şäherinde ýerleşýän we bilim ulgamynda maslahat hyzmatlaryny berýän, Türkiýeden sanawa giren birnäçe ýokary okuw mekdebiniň Ygtyýarly wekili bolup durýan Atavatan Danışmanlik Tercüme LTD şereketine ýüz tutup bilerler!

Habarlaşmak üçin : +90 532 401 71 52 & +90 212 633 40 00

Türkiýede talyp haky bilen bilim : 2022

 

Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri :2022

 

Ýene-de okaň

Fizika boýunça Nobel baýragy gowşuryldy

Nobel hepdeligi başlady

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna täze rektor bellendi

Teswirle