SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Türk howa ýollary” awiakompaniýasy: Biletlerde ýene arzaladyş

Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy Türkmenistan ugurly uçuşlarda biletleriň bahasynda ýene arzalandyş etdi.  Kompaniýanyň Türkmenistandaky şahamçasyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna gelip gowşan täze maglumata görä, “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy  Türkmenbaşy-Stambul-Türkmenbaşy ugurly uçuşlarynda biletleriň bahalaryny arzanlady.

Täze nyrhnama görä,  Türkmenbaşy-Stambul-Türkmenbaşy  ugurly uçuşlarynda biletleriň iki tarapynyň  iň pes bahasynyň 350 dollardan başlaýar.  Soňky birnäçe aýyň dowamynda Türkiýe-Türkmenistan ugurly biletleriň bahasy birnäçe gezek arzlandy. Birnäçe aý mundan ozal diňe bir taraplaýyn uçar biletleriň bahasy 700 dollardan başlaýardy.

Häzirki döwürde Stambul-Aşgabat-Stambul ugruna biletleriň iki taraplaýyn bahasynyň häzirlikçe 605 amerikan dollaryndan başlaýandyygny bellemek gerek!

Öň habar berişimiz ýaly,  2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça 4 gatnaw, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 2 gatnaw amala aşyrýar. Stambul-Aşgabat ugry boýunça duşenbe, çarşenbe,  anna we şenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça bolsa  sişenbe we penşenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Umumylykda, bu kompaniýanyň Türkmenistan ugry boýunça hepdelik gatnawlarynyň sany 6-a deň bolar. Şeýlelikde “Türkmenistan” awiakompaniýasy hem Türkmenistan-Türkiýe ugruna hepde-de 5 gezek adaty uçar gatnawyny amala aşyrýandygyny hasaba alanyňda iki ýurduň arasynda hepde-de 11 gezek adaty uçar gatnawynyň amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

mahabat

Wiza üçin gerekli resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän Makul Hyzmat terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Siz Makul Hyzmat terjime merkezi bilen habarlaşyp Aşgabat şäherine gelmezden hem terjime hyzmatyny alyp bilersiňiz.

+993 63 78 96 73 ýa-da 993 12 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com

 

Wiza merkezinden Bellik:

Wiza, Türkiýeden arzaňyz tassyklanandan soň berilip bilner. Seljerme wagtynyň takmynan bir aý alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Berlen resminamalar täze möhletli we hemmesi doly bolmaly. Türk wizasy üçin ýüz tutanyňyzda tabşyrylan resminama ýetmezligi, wiza prosedurasynyň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň ilçihanasy / konsullygy, zerur bolsa arza berijiden goşmaça resminamalary talap eder.

Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza çykjagyny  kepillendirmeýär. Tölegiň yzyna gaýtarylmagy hiç hili ýagdaýda mümkin däl. Ähli blankalar we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalary ýa-da islendik başga topary)  aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly.

 

Türkiýe wizasy : Ähli gerekli resminamalaryň doly sanawy

 

Diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetleriň sanawy-2023

Ýene-de okaň

Türkmenistanyñ syýahatçylyk agentlikleriniñ wekilleri Türkiýä saparlarynda Şanlyurfa we Gaziantepe baryp gördüler

Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

Aşgabat-London ugurlaryna petekler onlaýn satuwa çykarylýar

Aşgabatdan Kuala Lumpura hepdede iki gatnaw ýola goýuldy

Aşgabat-London-Aşgabat gatnawy hepdede iki gezege çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň iň iri dag-lyža şypahanasy gurlar