TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýe wizasy : Ähli gerekli resminamalaryň doly sanawy

Türkiýe gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary gitmek isleýän maksatlaryna laýyklykda wiza almalydyr. Emma, Türkiýeden transit geçýän, başgaça aýdanyňda Stambulyň howa menziliniň transit ýolagçylar bölüminden çykmazdan göniden göni başga ýurda uçýan ýolagçylar üçin wiza gerek däl. Şeýle hem, Türkiýede wagtlaýyn ýaşamak üçin rugsatnamasy (ikamet) ýa-da Türkiýede zähmet çekmek üçin rugsatnamasy (çalışma izni) bar bolan Türkmenistanyň raýatlaryna wiza talap edilmeýär.

Türkiýä gitmek isleýän raýatlaryň iň köp soraýan soraglaryň biir hem wiza üçin haýsy resminamalar gerek! Biz bu barada öň birnäçe habar ýetiripdik. Bu habarymyzda bolsa ähli wiza görnüşlerine degişli gerekli resminamalary aýratyn pdf formatynda Size ýetirýäris. Siz aşakda berilen wiza görnüşlerinden gitmek isleýän maksadyňyza laýyk görnüşi saýlap ýükläp alyp bilersiňiz.

mahabat

Wiza üçin gerekli resminamalaryň terjimesi üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän Makul Hyzmat terjime merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Siz Makul Hyzmat terjime merkezi bilen habarlaşyp Aşgabat şäherine gelmezden hem terjime hyzmatyny alyp bilersiňiz.

+993 63 78 96 73 ýa-da 993 12 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com

 

Wiza merkezinden Bellik:

Wiza, Türkiýeden arzaňyz tassyklanandan soň berilip bilner. Seljerme wagtynyň takmynan bir aý alýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.

Berlen resminamalar täze möhletli we hemmesi doly bolmaly. Türk wizasy üçin ýüz tutanyňyzda tabşyrylan resminama ýetmezligi, wiza prosedurasynyň ret edilmegine sebäp bolup biler. Türkiýäniň ilçihanasy / konsullygy, zerur bolsa arza berijiden goşmaça resminamalary talap eder.

Ýokardaky resminamalaryň tabşyrylmagy wiza çykjagyny  kepillendirmeýär. Tölegiň yzyna gaýtarylmagy hiç hili ýagdaýda mümkin däl. Ähli blankalar we resminamalar her bir adam üçin (maşgala agzalary ýa-da islendik başga topary)  aýratyn taýýarlanylmaly we tabşyrylmaly.

Size haýsy wiza gerek bolsa, aşakdaky wiza görnüşleriniň üstüne bassaňyz, Size şol wiza görnüşi boýunça gerekli resminamalaryň sanawy görkeziler!

 

SYÝAHATÇYLYK WIZASY

BIZNES WIZASY

MASGALA WIZASY

ZAHMET WIZASY

TALYP WIZASY

SAGLYK WIZASY

NÄSGA ÝOLDAŞLYK WIZASY

TRANSIT WIZASY

Diplom ykrar etmek: Gerekli resminamalaryň sanawy

 

Türkiýe 2023: Diplomy ykrar edilýän abraýly ýokary okuw mekdepleri

 

Ýaşlar üçin möhüm habar: diplomy ykrar edilýän uniwersitetleriň sanawy-2023

Ýene-de okaň

Kerki ― Daşoguz ― Kerki uçar gatnawy dikeldildi

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ilkinji “Airbus” kysymly ýük uçary

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyň dermanhana pudagynyň üsti ýetirildi

Teswirle