TEHNOLOGIÝA

“Tesla” öz robotyny tanyşdyrdy

Amerikaly işewür Ilon Mask geljek ýylda “Tesla Bot” atly robotyny taýýarlajakdyklaryny mälim etdi. Maksyň aýtmagyna görä, robotyň boýy uly ýaşly adamyň ortaça boýunça deň bolup, 172 santimetr bolmagyna garaşylýar. Onuň agramy bolsa 57 kilogram bolar.

Robotyň ýüzünde ekran bolup, ol ýerde dürli maglumatlar peýda bolup durar. “Tesla Bot” robotynyň hereket etmegi üçin hem ähli zerur şertler dörediler.

Amerikaly milliarder bu roboty dükana gitmek, gündelik işleri ýerine ýetirmek we zatlar daşamak üçin ulanylyp bilinjekdigini belläp geçdi. Tanyşdyryş dabarasynda Musk “Tesla Bot” -yň iň ýokary tizliginiň sagatda sekiz kilometre golaýdygyny aýtdy.

Ýadyňyzdan çykarmaň, “Tesla” gumanoid robot öndürýän ýeke-täk awtoulag öndürijisi ýa-da hatda kompaniýa däl. “Honda” kompaniýasynyň “Asimo” atly roboty onlarça ýyl bäri işleýär we ajaýyp derejede kämilleşdirildi. “Toyota” we “GM” kompaniýalarynyň hem öz robotlary bar.

Talyplar üçin karz hyzmaty

Ýene-de okaň

Ilon Mask sürüjisiz taksisini tanyşdyrdy

Los-Anželes uniwersitetiniň talyplaryna emeli aňy öwrenmek mümkinçiligi döredilýär

Ilon Mask Marsa syýahata çagyrýar

“Instagram” täze çäklendirmeler girizýär: ýaş ulanyjylar üçin goşmaça howpsuzlyk çäreleri

Türkmenistanda kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek Maksatnamasy taýýarlanar

Kosmos giňişliginde taryhy waka

Ata Watan Eserleri