TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Talyplar üçin karz hyzmaty

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýurdumyzda bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giň­den ornaşdyrmak, Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna ýardam etmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde tölegli esasda bilim alýan talyp ýaşlaryň (diň­leýjileriň) okuw we umumy ýaşaýyş jaý tölegleri üçin karz hyzmatlaryny hödürleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Şeýle hem ýurdumyzyň okuw merkezlerinde daşary ýurt dillerini öwrenmek, buhgalter hasaby, iş ýörediş, kompýuter sowatlylygy ýaly ugurlar boýunça bilimini kämilleşdirmek isleýän ýaşlaryň, şol sanda mental matematika we daşary ýurt dillerini öwrenmek isleýän mekdep okuwçylarynyň ýakyn hossarlaryna degişli okuw töleglerini tölemek maksadyna karzlar resmileşdirilýär.

Karzlar bir raýatyň girew ýa-da kärhanalaryň zamunlygy esasynda jemi 10 müň manada çenli ýyllyk 5 göterim bilen 2 ýyl möhlete nagt däl görnüşinde berilýär.

Raýatlarymyz karz almak üçin ýüztutmalaryny bankyň resmi www.tfeb.gov.tm internet sahypasyna elektron görnüşinde ýüklemek arkaly tabşyryp bilerler.

Sal­gy­myz hem-de te­le­fon bel­gi­le­ri­miz: Baş bank: 40-61-24, 40-61-50, 40-61-55. Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ga­raş­syz­lyk şa­ýo­lu­nyň 32-nji ja­ýy. In­ter­net sa­hy­pa­sy: karz@tfeb.gov.tm

Aş­ga­bat şä­her şa­ham­ça­sy: 21-99-82/83/84. 10 ýyl Aba­dan­çy­lyk kö­çe­si­niň 160-njy ja­ýy. In­ter­net sa­hy­pa­sy: karz_ash­ga­bat@tfeb.gov.tm

Türk­men­ba­şy şä­her şa­ham­ça­sy: 800 243-2-12-87, 2-58-86. Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň Ar­ka­dag şa­ýo­ly. In­ter­net sa­hy­pa­sy: karz_awa­za@tfeb.gov.tm

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let da­şa­ry yk­dy­sa­dy iş ban­ky Ösüş ug­run­da hyz­mat­daş­lyk! www.tfeb.gov.tm

 

Russiýadan sanawa haýsy ýokary okuw mekdepleri girýär?

Ýene-de okaň

Türkmenistan – Russiýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Maglumat tehnologiýalaryň elektron sözlügi işe girizildi

Türkiýede bilim almak isleýänler üçin wajyp maglumat: ÝÖS synagy haçan?

Baş Redaktor

Teswirle