TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul-Aşgabat-Stambul uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat-Stambul uçar gatnawyny ýerine ýetirýär. Bu barada Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna gelip gowşan maglumatda mälim edilýär.

Türkiýäniň Stambul şäheriniň halkara howa menziliniň uçuş meýilnamasynda hem orun alan maglumata görä, “TK 4922” belgili Stambul-Aşgabat gatnawy ýerine ýetirilýär.

“Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň noýabr aýynyň ahyryna çenli 3 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýandygyny belläp geçipdik.

Şoňa laýyklykda, täze gelip gowşan habarlara görä, 22-nji noýabrda ýagny şu gün Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnaw amala aşyrylýar.

25-nji noýabrda bu awiakompaniýa bir günde 2 ýörite gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Şol gatnawlar – Stambul-Türkmenbaşy-Stambul hem-de Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýerine ýetiriler.

Mundan başga-da, 29-njy noýabrda bolsa, ýene-de Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça gatnaw bolar.

Şeýlelikde, bu kompaniýa soňky 8 günüň dowamynda 4 gatnawy amala aşyrar.

Birnäçe wagt ozal saýtymyza ýerleşdirilen habara görä, Türkmenistana ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýan Russiýanyň “S7” awiakompaniýays hem 26-njy noýabrda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça täze gatnawy ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.

 

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara gatnawlaryň biletleriniň bahasyny arzanlatdy

Gyş paslynda berjaý edilmeli kadalar

PCR negative testiniň netijenamasy zerur däl: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Baş Redaktor

Teswirle