22/10/2020 8:46

Aşyk jepasy

Otagyň içinde diňe Şirin bilen gaýgy-aladalary bardy. Ol uzyn saçly, ak ýüzli, görenleri özüne maýyl edýän şäherli perizat mugallymçylyk kärini oba mekdebinde dowam etdirýärdi. Sebäbi ol kolhoz ýerleriniň hem okuwly bolmagyny isleýärdi. Şirin okuw möwsümi enelerinde bolup, işine şol ýerden gatnaýardy. Jogap döwri hem öz öýüne gaýdýardy.

Gyzyň ene-atasy öz perzentlerine buýsanýardylar, olar Şiriniň geljekki durmuşyny birleşdirjek adamynyň hem özüne laýyk bolmagynyň küýündediler. Ýöne gyzlarynyň halaýanynyň bardygyny ýa-da ýoklugyny soramazlyk olaryň edýän esasy ýalňyşlygydy.

Mugallym gyz bolsa işleýän obasyndan orta boýly, syratly bir ýigit bilen mukaddes duýgyny paýlaşýardy. Şirin bilen Mukam biri-birleri üçin ýaradylan ýalydylar. Mukam adamkärçilikli, edepli oglan bolsa-da, onuň maşgala ýagdaýynyň Şiriniňkiden pes bolanlygy sebäpli, gyzyň ene-atasy ony göwnemeýärdiler.

Şirin kakasynyň özüni Wepa atly bir oglana berjegini eşidensoň, onuň şar gara gözleri ýaşdan doludy. Ol ýeke Mukamy söýýärdi, başgany däl. Toý taýýarlyklary eýýämden başlapdy, maşgalada Şirinden başga hemme şatlanýardy…

Ine-de birden gapy kakyldy we içeri Şiriniň iň ýakyn jorasy hemem Mukamyň jigisi Suraý girdi. Ol howlukmaç görünýärdi:

-Şirin, bu haty saňa Mukam goýberdi, “Jogabynam bilip gel”- diydi – diýip, elindäki haty jorasyna uzatdy. Ol derrew haty açyp, okady we:

-“Bolýa, şol hemişeki ýere baraý” diýdi diýseň, özi düşüner – diýdi.

Şirin birsalymdan öýden çykdy. Ol Mukamy görjegine begenýärdi, ýöne  toý meselesi sebäpli, ýüzüne nädip seretjeginem bilenokdy. Mukamyň gepleşmek isleýän zadynyň hem şoldugyna gözi ýetýärdi. Görse, Mukam aladaly iki ýana ýöräp ýören eken. Şirin onuň ýanyna geldi. Olar salamlaşyp, hal-habar soraşdylar.

-…Şirin, seni aldanlygym üçin meni bagyşla! Meniň başga halaşýan, ýürekden söýýän gyzym bar. Senem toýa başlapsyň, gutlaýan! Ýanýoldaşyň bilen bagtly…

Okap bilersiňiz  Üstünlige barýan ýollarda

Şirin Mukam sözüni tamamlamanka ýanyndan ylgap gaýdypdyr. Ol otagyna girip, öňküsindenem beter aglap başlady. Şirin Mukamyň näme üçin beýle edendigine düşünip bilenokdy. Onuň üçin dünýä üstüne ýykylan ýalydy. Ol, indi, söýmeýän adamyna barjagynamy ýa-da şonça wagtlap ýalňyş adamy söýenine aglajagyny bilenok. Şirin iýip-içmeden kesilipdi, agzyndan bolsa, ýeke sözem eşidip bolanokdy.

Toý bolupdy we üstünden iki ýyl geçipdi welin, Şirin henizem bagtsyzdy. Ol adamysy bilen başga şähere göçüp gaýdypdy. Şol toýuň öň ýanyndaky Mukam bilen duşuşygyndan soň, ol hiç kim bilen gürleşmedi. Her kim ony: “Lal bolupdyr” – diýip oýlady. Hatda ýoldaşy Wepa hem oňa: “Lal”- diýip ýüzlenýärdi. Wepa aýalynyň ýanyna hem gelmän, gijelerine daşarda bolýardy. Aýdyşlaryna görä, ol agşamy başga bir gyz bilen geçirýärdi…

Günlerde bir gün Şirin öňki jorasy Suraý bilen duşuşdy. Şiriniň gözleri ondan Mukamy soraýan ýalydy. Suraý Şirin baradaky zatlary eşidipdir we ol oňa Mukam hakda gürrüň bermäge başlady.

Okap bilersiňiz  Bahreyn Kralı Türkmenistan'a geliyor

-…Seniň toýuň bolansoň, Mukam seni unutmak üçin ýat ýerlere işlemäge gitdi. Onuň saňa aýdan zatlaryndan hem habarym bar. Ol ýeke seni söýýärdi, başgany halamag-a aňyrda dursun, ol başga gözüniň gytagy bilenem seretmeýärdi. Duşuşygyňyzdan iki-üç gün öň ejeň biziň öýe gelipdi we “Mukam bilen gürleşmek isleýän”- diýip, onuň bilen ýeke özi bir otaga girip gepleşdi. Olar ýarym sagat töweregi soň otagdan çykdylar, ejeň – Aýna gelneje öýden çykyp gitdi. Agamdan içerde näme bolanyny soranymda, ol: “Hiç zat”- diýip jogap beripdi. Soňam şol saňa beren hatymy ugratdy.

Şol günden soň ol keýpsiz gezdi, hiç zat iýmedi. Ahyry soň hem ol Germaniýa işlemäge gitjegini aýtdy. Gitmezinden ozal maňa ähli bolan zatlary gürrüň beripdi.

Okap bilersiňiz  30 ýyldan soňra Gimalaýy gördüler

Aýna gelneje bilen agam otaga girensoň, ejeň oňa: ”Mukam, diňle, bilýän, senem gowy oglan. Şirin bilen araňyzdaky zatlardan hem habarlydyryn. Ýöne bu zatlar kakasynyň gulagyna gitmänkä, ýapylany gowumyka diýýän. Ine, Şirine-de gowy kysmat çykyp dur. Wepa jan hem gowy oglan ,hemem tanyş-da. Biz gyzymyzyň onuň bilen bagtly boljagyna ynanýarys, ol Şirini gowy durmuşda ýaşadyp biler, emma Şirin seni söýýär, seniň bolsa eliňde hiç hili käriň ýok. Söýmek, söýülmek gowudyr welin, hiç:“Şirini öýündäki öwrenişen durmuşy ýaly durmuşda ýaşadyp bilerinmi” diýip oýlanyşyp gördüňmi? Senden etjek haýyşym – Şirini özüňden daşlaşdyrmagyň…”diýipdir.

Mukamam seni erbet durmuşda ýaşatmak islemän, ahyry şeýdipdir, emma şonda-da ol seni söýmekden hiç ýüz öwürmedi. Ýöne… – diýip Suraý sägindi. Şiriniň gözi bolsa ýaşdan dolupdy we jorasynyň indiki aýtjak zadynyň hem gowy habar däldigine düşünipdi.

-Ýöne üç aý öň Germaniýadan hat geldi. Ol hatda agamyň işleýän ýerinde betbagtçylygyň bolandygyny we Mukamyň hem wepat bolandygy barada ýazylypdyr.

Şirin muny eşideninde gözleri ýaşly:“Mukaaam! Meni ýene bir gezek ýalňyz goýup gitdiňmi, ezizim?!” – diýip aýylganç gygyrdy. Onuň geplänine Suraý ynanman, aňk-taňk bolup galdy. Şirin bolsa ikinji gezek öz söýýän adamyny ýitiripdi.

Şirin Mukamyň özüne biwepalyk etmändigine, bolan ähli zatlaryň ýeke-täk günäkäri ejesidigine düşünýär…

Bu iki juwanyň biri-birine bolan söýgüleri çäksizdi. Il içinde “Şirin-Mukamyň söýgüsi, başdan geçiren zatlary” barada gürrüň edilip başlanýar. Aýdylyşyna görä, ir säher bilbilleriň hoş owazy bilen bilelikde Şirin bilen Mukamyň gülki sesleri eşidilýärmiş, emma ol sesleri diňe biri–birine çyn ýürekden söýýän iki juwan eşidip bilýärmiş.

Okap bilersiňiz  Gonkong ― syýahatçylygyň we syýahatçyylaryň şäheri

 

                                                                         Ogulgerek Hojaýewa,

                                       Öý salgysy: Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltaneje etraby,

                   Okaýan ýeri: Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebi

 

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň we Türkiýäniň Mejlisleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris. Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýäniň öňdebaryjy kinoprokaty

“Artisan Gateway” maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý döwletiniň kinoteatrlarynyň umumy girdejisi eýýäm 1,988 milliard dollar barabar bolup, Demirgazyk Amerikada bolsa film prokat bazarynda bolsa...

Ýewropanyň futbol çempionatlaryna syn…

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlary futbol janköýerlerini has-da gyzyklandyrýar. Esasan hem köplenç hepdäniň şenbe hem-de ýekşenbe gününde oýnalýan duşuşyklar “mawy ekran” arkaly hem köp sanly...

ÝUNISEF: 520 million sanjym iňňesini ätiýaçlandyrar

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) koronawirus sanjymy üçin 520 million sanjym iňňesini (şpris) ätiýaçlandyrjakdygy habar berdi. ÝUNISEF tarapyndan berlen beýanatda guramanyň koronawirus sanjymynyň...

Anjelina Joli kitap ýazýar

Dünýä belli aktrisa Anjelina Joli we çaganyň hukuklary boýunça aklawçy Geraldine Wan Bueren bilen hyzmatdaşlykda çagalaryň hukuklary babatda kitap ýazýar. Taslamanyň esasy maksady çaga hukuklarynyň...