30/10/2020 12:00
Home ATAWATAN ESERLERİ Alçy gopan aşyk

Alçy gopan aşyk

(oýlanma)

Aslynda Azatjygyň ýeke-täk hem-de ilkinji ganat baglan arzuwy daýysyna meňzemekdi. Ata-babalarymyzyň ”It ata-är daýa” diýenleri jüp ýerine düşüpdi. Azatjygyň diňe bir ýüregindäki ganat baglan arzuwlary däl, ýüz keşbi, deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanýan çalasyn häsiýetleri, bir işe başlasa soňlamany söýmesi, iň esasy-da sözüne wepaly bolup, sözünde durup bilmegi hem edil daýysydy.

Daýysynyň ýeke-täk ýegeni bolmak bilen ol çagalykdan hut öz daýysy ýaly, Watan goragçysy bolmagy arzuwlap başlapdy. Azatjygyň kakasy Arslanyň we ejesi Merjeniň ogullaryny ýeke galan wagtlary çagalar bilen oýnamagyň ýerine, has köp daýysyna meňzemek arzuwlary bilen bagly bolan nyzam emellerini özüçe ýerine ýetirmegi aýratyn buýsandyrýardy. Onuň her wagt kimdir birileri tarapyndan ulalanda kim bolmak isleýändigi soralanda:

– ‘’Daýym boljak! Harby boljak!’’ diýip, gaty sesi bilen ynamly gygyrmagy onuň ýeke-täk we gutarnykly jogabydy. Atasy Eziz aganyň we enesi Dünýä enäniň agtyklaryna guwanyp, ony söýme kemleri galmaýardy. Azatjygyň oýnawaçlarynyň içinden has köp saýlap oýnaýanlary harby awtoulaglaryň, dikuçarlaryň ýa-da  ýelimden ýasalan dürli ýaraglaryň görnüşleridi. Şonuň üçin Azatjyga sowgat hökmünde ýakynlary tarapyndan köplenç harby awtoulaglardyr, dikuçarlaryň kiçeldilen dürli görnüşleri satyn alynardy. Azatjyk hat-da harby oýnawaçlarynyň kim tarapyndan sowgat berlenini soranlarynda hem ýalňyşsyz aýdyp bilerdi. Olara has aýawly seredip, hiç kime bermezlige çalşardy.

Eger haýsydyr bir gün goňşylarynyň ýa-da dogan garyndaşlarynyň çagalary öýe geläýse, beýleki oýnawaçlary ýatdan çykarda, dessine harby oýnawaçlaryny gizlemäge çalyşardy.

Ine-de aý-aýlanyp günler geçip dur. Azatjyk birinji synpa başlady. Onuň ilkinji günlerinden başlap,ýakynlary tarapyndan gerekli kömegiň edilip durulmagy, okuw sapaklaryna bolan ýetişikligi gyzyklanyp durulmagy,onuň okuw sapaklaryna bolan ünsüniň ýokarlanmagyna getiripdi. Her wagt daýylaryna gelen wagty, onuň surat albomyny dowamly geçirip, daýysynyň harby talyplyk ýyllarynda talyp ýoldaşlary bilen dabaraly ýörüşde düşen fotosuratlaryny irginsiz arzuw içinde görmegi az bolmandy.

Okap bilersiňiz  Emeli aň hakda kelam agyz...

Günlerde bir gün daýy-ýegen ikisiniň söhbete başlamagy daýysyny geň galdyrypdy. Çünki harby bolmak, jan watanymyza, mähriban halkymyza ömür boýy hyzmat edip, onuň goragynda bolmak örän jogapkärli wezipedi. Şonuň üçin-de daýysy ýekeje ýegenjiginiň arzuwlary ýöne bir çagalyk arzuwydyr öýderdi. Şol gün daýysy gyzyklanyp Azatjyga yüzlendi:

-Hany ýanyma gel, Azatjan.

-Aýdyber daýy, näme boldy?

-Hany sen yegenjigim aýt, sen hakykatdan-da daýyňa meňzemek, harby bolmak isleýäňmi?

-Hawa daýy,onda-da nähili! Entek men bir ulalaýyn.

-Hä…Ulaldyňam diýeli?

-Hany daýy sen ulalyp garryja bolýaňa?!

-Hawa, Azatjan garryja-da boldum diýeli.

-Ana men şonda ähli adamlary, onsoňam senem gorajak!

Hany onda aýdýanlaryň çyn bolsa, gel ikimiz bile aşyk oýnaly. Eger-de seniň aşygyň alçy gopsa, sen hökman watan goragçysy bolarsyň! Azatjyk bolsa bu teklibe göýä ozaldan garaşýan ýaly ylgap baryp,aşykly torbajygyny alyp geldi. Daýy-ýegen aşyklary orta döküp, her haýsy birini alyp orta oklady. Al saňa gerek bolsa! Azatjanyň orta oklan aşygy alçy gopdy.

Okap bilersiňiz  Dünýä deňelen düýäm

“Ura!!!Daýyjan, men aýtdyma saňa, men hökman harby bolaryn” diýip, ýerinden towsup turmagy, onuň hakykatdan-da harby bolmak isleýändiginiň, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş watançysydygynyň ýeterlik subutnamasydygyny aýdyň görkezýärdi. Daýysynyň aýratyn duýgy we begenç bilen gözüni ýaşdan dolduryp içinden:”Gorarsyň ýegenim, hökman gorarsyň, aşygy alçy gopan adam hökman öz maksadyna ýetermiş” diýip, Azatjygyň ýaňagyndan öpmeden başga çykalgasy galmandy.

Azatjyk 3-nji synpdan başlap,okuwdan daşary sport mekdebine gatnap ”Milli türkmen göreşi” boýunça tälim alyp, 7-nji synpa çenli dürli mekdepleriň, etraplaryň we welaýat arasynda baýrakly ýerlere eýe bolmagy hem başarypdy. Ine-de bir gün okuw sapak wagty mugallymlar tarapyndan:

-Harby mekdebe girmäge höwesliňiz barmy?-diýip, soranlarynda Azatjygyň pikirlenmän:

Okap bilersiňiz  "Barselona" topary Aleks Telles bilen gyzyklanýar

-“Men” diýip, ýerinden gygyryp turmagy hemmeleri haýrana goýupdy. Degişli mugallymlaryň Azatjygyň ene-atasy bilen gürrüňdeş bolanlaryndan soňra, harby mekdebe girmeklik üçin gerekli resminamalary taýýarlamaklygy aýtdylar. Gerekli resminamalar toplanyp, harby mekdebe tabşyrylandan soňra, giriş synaglarynyň wagty belli bolupdy. Azatjyk harby mekdebine girmek, harbylyga bolan ilkinji arzuwly ädimlerini ätmeklik üçin arman-ýadaman örän yhlasly okap, synaglara taýýarlanýardy. Hat-da, synagyň wagty belli bolandan, her gün ir säher bilen turup ylgaw we desgadaky maşklaryny kadalar boýunça höwesli ýerine ýetirerdi.

Ine-de arzylanan wagt, synag güni gelip ýetdi. Azatjyk, dogrusy, az-kem tolgunman hem duranokdy. Kakasynyň Azatjyk bilen harby mekdebe girmeklik üçin  bellenilen synag alynýan ýere golaýlaşanlarynda, eýýäm daýysynyň ýegenine garaşyp duranyny görmegi Azatjygy özünde bolan ähli tolgunmalary zym-zyýat edipdi. Hasam begençden ýaňa özüne ynamlylyk duýgusyny beripdi. Azatjygyň awtoulaglaryndan düşüp, daýysyna golaýlaşan badyna daýysynyň:

-Ýeri goragçy synaglara taýýarmy? -diýende:

– “Hawa, daýymjan hemmesine taýýar. Arkaýyn bolaýyň ählisinden üstünlik gazanaryn” – diyip, ynamly aýtmagy daýysyny ynjaldyrypdy.

Giriş synaglary geçenden soňra agzybirlikde öýlerine gaýtdylar. Şol gün, dogrusy, bütin gije Azatjygyň gözüne ukysynyň gelmeýşi ýaly, daýysy hem rahat uklap bilmändi. Sebäbi,ýegeniniň harby bolmaklygyny azyndan ýegeniçe daýysy hem isleýärdi. Ine-de, daň atdy. Azatjygyň her kimden öňürti turup, el ýüzlerini ýuwup ertirligini edinmezden, kakasyna:

– Kaka! kakamjan, hany, synagymyň jogabyny bilmäge gitmäliňmi? diýenden:

– Hökman, oglum birazdan gideris, hany sen ertirligiňi edin! diýen sesi geldi.

Harby mekdebine baranlarynda, harby okuwçy bolmaklyga kimiň hukuk gazanandygyny bilmek üçin ähli dalaşgär okuwçylaryň maşgala agzalary garaşyp durdular. Azatjyk hem agzybir maşgalasy bilen sabyrsyzlyk içinde garaşyp otyrdy. Ine-de garaşylýan pursat gelip ýetdi.

“Ilki bilen ýokary ballary alan okuwçylarymyzyň at-familiýalaryny aýdyp başlaýaryn” diýip, degişli mugallymlaryň biri ähli garaşyp, oturanlaryň ünsüni özüne çekdi. Ilkinji bolup mugallymyň:

Okap bilersiňiz  “Bundesliga” çempionaty “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda
Okap bilersiňiz  NASA-dan Aýa sapar

“Ezizow Azat Arslanowiç!”diýmegi, Azatjygyň agzybir maşgalasyny diýseň bagtly etdi. Azatjyk bolsa gözlerini begenç gözýaşlaryndan dolduryp, ellerini giňden açyp, garaşyp duran daýysyna tarap ýüwürdi! Daýysy bolsa şu aşakdaky setirleri biygtyýar halda serine aýlandygyny duýman galdy:

Bagty gelen Azadyň

Alçy gopdy aşygy,

Çagalykdan sünnälän,

Hasyl boldy arzuwy!

 

Ogultäç Atamedowa,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Okap bilersiňiz  100 ýaşynda rysarlyk derejesi berildi

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar...

Gadymy söýgi haty

Entek hat ýazuwyň ýok mahalynda habarlary hem-de wakalary şekilleriň üsti bilen mälim edilýän gadymy döwürde hem ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi haty bolupdyr. Alymlar...

Söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi

Meniň pikirimçe söýgi -bu adamy synagdan geçirýän iň bir ajaýyp duýgularyň biridir. Ol öwgi aýdymlary aýdylýan we asyrlar boýy her dürli rowaýatlardyr, hekaýalary özünde...

Daşyndan açylmaýan gapy

(hekaýa) “Gyzly öýe kyrk at baglanar”  “Paýhas çeşmesi” Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dostluk

Yzmyhşir  ýurdunyň adalatly, dana, ylymly-bilimli patyşasy bar eken. Ol şanyň hem üç sany janyndan eý görýän dosty bar eken. Olar hem edil patyşanyň özi...

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiz dynç günleri bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly adaty endigine eýerdi hem-de atçylyk toplumyna baryp, halkymyzyň milli buýsanjyna...

Aýyň ýüzünde suw tapyldy

ABŞ-nyň “NASA” Milli awiasiýa we kosmos dolandyryş gullugy ilkinji gezek Aýyň ýokarky gatlagynda suw tapandyklaryny habar berdiler. Bu guramanyň ýazmaça beýanynda stratosfera infragyzyl astronomiýa...

Türkmenistan Tatarystanda söwda öýüni açar

Türkmenistan daşary ýurtlarda söwda öýlerini açmagy dowam etdirýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda türkmen söwda öýüni açmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler...