27/10/2020 14:50
Home BILIM ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

ABŞ-da talyp hakly bilim: Ylmy işgärler üçin Fulbraýt maksatnamasy

Fulbraýt maksatnamasy resminanmalary Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin esasy Fulbraýt maksatnamasy, Görnükli ylmy işgärler we hünärmenler üçin Fulbraýt maksatnamasy we Ýaş mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy boýunça kabul edip başlady! Resminamalar 2020-nji ýylyň 6-njy dekabrynda sagat 18:00-a çenli kabu edilýär.

Geliň bu Fulbraýt maksatnamasyny  bu habaryň ahyrynda berilen linkdäki maglumatlaryň esasynda her bir görnüş boýunça aýratynlykda seljereýliň!

  1. Daşary ýurtly ylmy işgärler üçin esasy Fulbraýt maksatnamasy

Bu maksatnama kimlere degişlidir?

Bu maksatnama tejribeli hünärmenler, uniwersitetleriň mugallymlary we on ýyl ýa-da ondan ýokary iş tejribeleri bar bolan ylmy işgärler üçin niýetlenen maksatnamadyr.

Haýsy ugurlar boýunça?

Bu maksatnama ähli ugurlar boýunça giň göwrümli mowzuklar, ýagny ylym, tehnologiya, inžiniring we matematika (STEM), bilim we beýleki okuw ugurlaryndan arzalary kabul edýär.

Maksatnamanyň dowamlylygy

Tutuş bir okuw ýyly üçin (iki semestr) goldaw talap edýän dalaşgärler ylmy-barlag işleriniň wagt boýunça bölünen tertipnamasyny görkezmelidirler. Grantyň gutarýan günleri kabul edýän ýokary okuw jaýynyň okuw tertibi bilen deň gelmelidir we meýilnamanyň umumy dowamlylygy 10 aýdan ya-da iki okuw semestrinden artyk bolmaly däldir.

*Bellik: Hukuk ugry boýunça tabşyrýan dalaşgärler diňe bir semestr okarlar. Medisina ugry boýunça geçirilýän ylmy-barlag işlerde hassalar bilen gatnaşyk edilmeli däldir.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

Saýlap alan ugry boýunça azyndan 10 ýyl iş tejribesi

Dalaşgär ABŞ-da teklip eden ylmy işini alyp barmaklygy üçin iňlis dilini suwara bilmelidir

Dalaşgäriň professional taraplaryna baha berip biläýjek iki (2) sany adamdan rekomendasiýa hatlary

Ylmy-barlag işiniň hödürnamasyny öz içine alýan, doly ýagdaýda doldurylan maksatnamanyň soragnamasy. Iki semestrlik meýilnama tabşyrýan dalaşgärler alyp barjak ylmy-barlag işleriniň wagt boýunça bölünen grafigini tabşyrmalydyrlar

Dalaşgär Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr we soragnamany tabşyrýan döwri Türkmenistanyň çäginde yaşamalydyr

Kimler maksatnama gatnaşyp bilmezler

(Fulbraýt maksatnamasynyň ÄHLISINE degişli):

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça agentliginiň (USAID) işgärleri we ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan hemaýatgärlik edilýän haýsydyr bir alyş-çalyş maksatnamanyň gatnaşyjylaryny belleýän ýa-da saýlap alýan gurama degişli bolan adamlar işleýän dowürlerinde we işden çykanlaryndan soň bir ýylyň dowamynda Fulbraýt grantlaryny almaga hukuklary ýokdur.

Ýokarda agzalan adamlaryň gönüden-göni maşgala agzalary we olaryň eklençlerinde bolan çagalary hem maksatnama gatnaşyp bilmezler. Bu kada özleriniň ene-atalaryndan aýra we garaşsyz ýaşaýan uly ýaşly çagalara degişli däldir. ABŞ-nyň raýaty ýa-da ABŞ-da hemişelik ýaşamaklyga hukugy bar bolan adamlar.

Fulbraýt maksatnamasynyň beýleki bölümçeleri

Dalaşgärler ylmy işgärler üçin niýetlenen Fulbraýt maksatnamasynyň aşakdaky bölümlerine tabşyryp bilerler. Arzalary tabşyrmak üçin goşmaça soragnama doldurmak zerurlygy ýok, ýöne esasy soragnamada gatnaşmaga isleg bildiriliýän bölümi aýdyň etmeli.

  1. Görnükli ylmy işgärler we hünärmenler üçin Fulbraýt maksatnamasy

Üç aýdan bir semestre çenli

Bu maksatnama uniwersitetlerde, hökümet edaralarynda, medeniýet guramalarynda ýa-da jemgyýetçilik guramalarynda ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän adamlara hödürlenýär. Taslamalar 3 aýdan bir semestre çenli dowam edip biler. Görnükli alymlar aşakdaky işleriň birini ýa-da birinden artygyny utgaşdyryp ABŞ-da amala aşyrmagy hödür edip bilerler:

Şol bir tertipde leksiýa okamak ýa-da ýokary okuw jaýlarynyň wekilleri bilen maslahat geçirmek;

Tassyklanan seminarlary ýa-da praktikumlary meýilleşdirmekde ýardam etmek we olara gatnaşmak;

Bilim guramalary ýa-da ABŞ-da hyzmatdaşlyk edýän guramalar tarapyndan hemaýat edilýän okuw ýa-da medeni çärelere gatnaşmak.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

Saýlanyp alnan okuw ugrundan azyndan 10 ýyl bolan iş tejribesi

Dalaşgär ABŞ-da teklip eden ylmy işini alyp barmaklygy üçin iňlis dilini suwara bilmelidir

Dalaşgäriň professional taraplaryna baha berip biläýjek iki (2) sany adamdan rekomendasiýa hatlary

Dalaşgär Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr we soragnamany tabşyrýan döwri Türkmenistanyň çäginde yaşamalydyr.

  1. Ýaş mugallymlar üçin Fulbraýt maksatnamasy

Bir okuw semestriniň dowamynda

Bu maksatnama uniwersitetlerde ýa-da institutlarda azyndan 3 ýyl okatmak tejribesi bar bolan mugallymlara hödürlenýär. Maksatnamanyň dowamlylygy- 1 okuw semestri. Bu meýilnamanyň maksady ABŞ-da okuw meýilnamalaryny işläp düzmekde gazanylan tejribeleri we teoretiki çemeleşmeleri öwrenmäge gatnaşyjylara mümkinçilik döretmekdir. Dalaşgärler takyk ugur boýunça okuw meýilnamasyny işläp düzmek üçin baş ýörelgäni, şol sanda hem amerikan ýokary okuw jaýynda ulanyljak okuw we ylmy-barlag çeşmeleriň mazmumynyň meýilnamasyny hödürleýän belli bir kabul edýän uniwersisteti teklip etmelidirler.

Maksatnamanyň bütin dowamynda gatnaşyjylar belli bir kursuň teswirlemesini barlag etmäge, okuw meýilnamasyny anyklamaga we şol dersi Türkmenistana gaýdyp gelenlerinden soň okatmagyň baş ugurlaryny işläp düzmäge borçly bolarlar.

Dalaşgärler maksatnama gutaranyndan soň özleriniň okuw jaýlaryna gaýdyp gelmäge, mugallymçylyk işlerini dowam etmäge we maksatnamanyň dowamynda alan bilimlerini we tejribelerini peýdalanmaga çalyşmalydyrlar. Soragnamalar şu aşakdaky talaplara laýyk gelmelidir:

Esasy maksatlar:

Ylmy barlaglaryň we halypaçylygyň üsti bilen mugallymlaryň hünär taýdan başarnyklaryny artdyrmagyny dowam etdirmek

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň alymlarynyň arasyndaky uzakwagtlaýyn hünärmen gatnaşyklaryny ýola goýmak

Türkmenistan we ABŞ-nyň arasyndaky özara düşünişmäni öňe sürmek

Şu aşakdakylar esasy maksatlara girmeýärler:

Konferensiýalara gatnaşmak

Doktorlyk dissertasiýalaryny ýazyp tamamlamak

Birnäçe guramalara sapar etmek we maslahatlara gatnaşmak, ýa-da

Hassalar bilen galtaşygy içine alýan kliniki barlaglar (rugsat berilmeýär)

Talaplar:

Azyndan 3 ýyla deň bolan iş tejribesi

Dalaşgär ABŞ-da teklip eden ylmy işini alyp barmaklygy üçin iňlis dilini suwara bilmelidir

Dalaşgäriň professional taraplaryna baha berip biläýjek iki (2) sany adamdan rekomendasiýa hatlary

Dalaşgär Türkmenistanyň raýaty bolmalydyr we anketany tabşyrýan döwri Türkmenistanyň çäginde yaşamalydyr.

Fulbraýt maksatnamasynyň anketalaryny şu ýerde tabşyryp bolar: https://apply.iie.org/fvsp2021

Anketalary we resminamalary tabşyrmagyň iň soňky güni: 2020-nji ýylyň 6-njy dekabry, sagat 18:00-a çenli

Dalaşgärlere bildirilýän hemme talaplar we anketanyň salgysy ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi websaýtynda şu sahypada elýeterlidir. https://tm.usembassy.gov/tuk/education-culture-tk/exchange-programs-tk/

Resminamalaryň terjimesi üçin

 

ABŞ syýahatymyz barada ähli makalalary okamak üçin

Amerika Size Garaşýar —Täze Başlaýanlar üçin

Los Angeles – “Perişdeleriň şäheri”. Syýahat ýazgylary

Ýosemite Jülgesi: Steve Jobsyň “ylham mekany”

Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýewropa çempionatyna syn…

Futbol äleminde geçen hepde gyzykly oýunlar juda köp boldy. Şeýle hem geçen hepdäniň başynda hem Çempionlar ligasy hem nobatdaky gezek başlady. Oýunlar biri-birinden tapawutly,...

Ýörite uçar gatnawlary dowam edýär

Türkmenistanyň hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli sebäpli emele gelen çäklendirmeler zerarly daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlaryny ýurdumyza getirmegi dowam etdirýär. Ozal hem saýtymyz arkaly beren...

Enäniň söýgüsi—sönmez ýyldyzdyr

Bilýärsiňmi, bir gün ýeterlik däl ... Bu duýgulary açmak we ähli sözleri aýtmak üçin çäksiz az. Bir zady ýatdan çykarmak, bir sözi sypdyrmak wagtynda aýtmazlyk,...

Watan söýgüsi – belent mertebe    

Watansyz milleti göz öňüne getirip bolmaz. Watana bolan söýgi millet bolmak aňy bilen bilelikde ýaşaýan duýgudyr. Milletleri ýaşadýan we jemgyýetde agzybirligi üpjün edýän ahlak...