TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammiti

Şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler. Şu ýyl ŞHG-niň döredilenine 20 ýyl dolýar.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda bellenilip geçilişi ýaly, Duşanbedäki sammite – Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Sizinpiniň hem-de Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň onlaýn tertibinde gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sammite gurama agza ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary – Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Han, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin (onlaýn), Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar.

Şeýle hem guramanyň synçy derejesindäki döwletlerden – Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi we Mongoliýanyň Prezidenti  Yhnaagiýn Hurelsuh (onlaýn) gatanaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hormaty myhman hökmünde gatnaşmagyna garaşylýan sammite GDA, YHG we beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşar.

Sammitde guramanyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem halkara we sebit hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça pikir alşylar. ŞHG-niň çäklerinde koronawirus pandemiýasynyň döreden kynçylyklaryny ýeňip geçmek babatda bilelikdäki ädimler barada özara pikir alyşmalar guralar.

EÝRANYŇ DOLY HUKUKYL AGZA BOLMAGY GARAŞYLÝAR

Bu sammite Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Ebrahim Raisi hem gatnaşar. Sammitde Eýranyň ŞHG-niň doly hukukly agzasy bolmak üçin degişli işlere başlamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, Müsür Arap Respublikasyna, Katar döwletine hem-de Saud Arabystany Patyşalygyna bolsa guramanyň dialog boýunça hyzmatdaşy derejesi berilmegi babatda degişli kararlaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Guramanyň sammitiniň çäklerinde ilkinji gezek ŞHG-niň Senasy ýaňlanar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Duşanbe Jarnamasy hem-de 30-a golaý çözgüdiň kabul edilmegi göz öňünde tutulýar.

ŞHG GURAMASY BARADA…

2001-nji ýylda döredilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler – Hindistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Özbegistan, Täjigistan.

Synçy döwletler – Owganystan, Belarus, Mongoliýa, Eýran.

Dialog boýunça hyzmatdaşlary – Azerbaýjan, Ermenistan, Kamboja, Nepal, Türkiýe, Şri-Lanka.

 

Adidas markasynyň döredilmegi

Ýene-de okaň

Gruziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

“Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçiriler

Helga Mariýa Şmid: Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşmak meniň üçin hormat

Teswirle