TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sanly ulgam – ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynda hem täze tehnologiýalar işjeň ulanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda, hyzmatlaryň döwrebap ulgamyny ýola goýmaga amatly şertleri döredýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion we şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler orta çykýar. Bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär. Şeýle hem zähmet kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak, halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda döwlet statistika ulgamlaryny özgertmek, standartlaşdyrmak we ätiýaçlandyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirildi.

Amatlylyk, çaltlylyk tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýedir. Şoňa görä-de, döwletimizde sanly ulgamy ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy, durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy.

Ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen, ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Şonuň esasynda ylmy-barlag işleriniň ykdysady bähbitliligini artdyrmak, ylmy-barlag edaralarynyň özara hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň özara baglanyşygynyň has-da jebisleşmegini üpjün etmek, ykdysadyýetdäki sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan goldamak arkaly ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde täze wezipeler goýulýar we giň mümkinçilikler açylýar.

Sanly bilim ulgamy — munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary we sözlükler ýaly bölümleri jemleýär.

Nurana Begmatowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby,

“Türkmenistanyñ Prezidentiniñ talyp hakynyñ” eýesi.

 

Türkmen Ýyldyzlary Ata Watanda: Siziň Ýyldyzyňyz kim?

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle