Saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemek

Saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertiplerini tassyklamak barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Buýrugy kabul edildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2021-nji ýylyň 10-njy martynda çykaran 96 belgili buýrugy bilen şu Tertibler tassyklanyldy.

  1. Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda goşmaça hak tölemegiň Tertibi
  2. Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky we beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertibi

Şeýlelikde  Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärlerine şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak tölenilýär.

Şeýle hem, Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalarynyň Sanawynda görkezilen ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenilýär.

Goşmaça  hak tölemek baradaky kadalary 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizilýär. Bu Buýruk, “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 1914-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.

Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň web saýtyna ýerleşdirilen Buýruk, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 26-njy martynda 1457 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda goşmaça hak tölemegiň 

TERTIBI

  1. Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda goşmaça hak tölemegiň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 1914-nji kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ol dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna, şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda goşmaça hak tölemegiň tertibini kesgitleýär.
  2. Şu Tertipde döwlet saglygy goraýyş edaralary we saglygy goraýyş işgärleri diýen düşünjeler “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda döwlet saglygy goraýyş edaralaryna we saglygy goraýyş işgärlerine berlen düşünjelere laýyklykda ulanylýar.
  3. Şu Tertip dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmäge degişlidir.
  4. Dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşýan döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärlerine (mundan beýläk – degişli saglygy goraýyş işgärleri) şol işleri ýerine ýetirýän döwrüniň dowamynda aýlyk zähmet haklarynyň 15 göterimi möçberde goşmaça hak (mundan beýläk – goşmaça hak) tölenilýär.
  5. Goşmaça hak tölegi bellemek we hasaplap ýazmak üçin degişli saglygy goraýyş işgärleri babatda saglygy goraýyş edarasynda dünýäde dörän ýiti ýokanç keseliniň ýurda getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almagyň çäginde raýatlaryň saglygyny berkitmäge we goramaga gatnaşan saglygy goraýyş işgärleriniň işlän döwri barada netijenama (mundan beýläk – Netijenama, şu Tertibe goşundy) düzülýär.
  6. Netijenama saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen sany üç adamdan az bolmadyk düzümde döredilýän, Topar tarapyndan düzülýär. Toparyň düzümi saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen tassyklanýar. Toparyň düzümine saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň orunbasary, bölüm müdiri, buhgalteri we beýleki saglygy goraýyş işgärleri girizilip bilner. Netijenama saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýar. Goşmaça hak saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy esasynda tölenilýär.
  7. Goşmaça hak her aýda aýlyk haky bilen bir wagtda, esasy iş ýeriniň zähmet haky gorunyň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.
  8. Goşmaça hak degişli saglygy goraýyş işgärlerine wezipe aýlyk zähmet hakynyň daşyndan tölenilýär. Doly bolmadyk iş güni boýunça wezipe sanawynda (0,25, 0,5 we 0,75 iş birliginde) işleýän işgärlere bu görkezilen tölegler edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanan Netijenama esasynda hakyky işlenen iş göwrüminden ugur alnyp hasaplanylýar.
  9. Degişli saglygy goraýyş işgäri esasy iş ýerinden başga döwlet saglygy goraýyş edarasynda esasy işi bilen utgaşykly işleýän bolsa, onda utgaşykly işleýän ýeri boýunça goşmaça hak tölenilmeýär.
  10. Goşmaça haklary tölemek bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmäge degişlidir.
  11. Şu Tertipde göz öňünde tutulan goşmaça haky tölemek bilen bagly jogapkärçilik iş berijiniň üstüne ýüklenilýär.
  12. Goşmaça hak tölemek işlerini guramak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
  13. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik beýleki gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
  14. Şu Tertibiň goşmaça hak tölemek baradaky kadalary 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizilýär.
Okap bilersiňiz  Şri-Lanka syýahatçylara gapylaryny açdy

 

Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky we beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň

TERTIBI

  1. Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky we beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 1914-nji kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ol ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky we beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölemegiň tertibini kesgitleýär.

 

  1. Şu Tertipde döwlet saglygy goraýyş edaralary we saglygy goraýyş işgärleri diýen düşünjeler “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda döwlet saglygy goraýyş edaralaryna we saglygy goraýyş işgärlerine berlen düşünjelere laýyklykda ulanylýar.
  2. “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 1914-nji kararyna laýyklykda Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalarynyň Sanawy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen ylalaşylyp bellenilen tertipde tassyklanylýar.
  3. Ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalarynyň Sanawynda (mundan beýläk – Sanaw) görkezilen ýurduň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 20 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenilýär.

Sanawda görkezilen obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölegi bellemek we hasaplap ýazmak üçin tassyklanan Sanawa laýyklykda garamagynda şol saglygy goraýyş edaralary bolan edaralar tarapyndan Welaýatyň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalaryndaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy (şu Tertibe 1-nji goşundy) düzülýär we ýolbaşçysynyň goly hem-de edaranyň möhüri bilen tassyklanylýar.

  1. Sanawda görkezilmedik beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna olaryň aýlyk zähmet haklarynyň 10 göterimi möçberinde goşmaça hak tölenilýär.

Sanawda görkezilmedik beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynda işleýän saglygy goraýyş işgärleriniň aýlyk zähmet haklaryna goşmaça hak tölegi bellemek we hasaplap ýazmak üçin garamagynda şol saglygy goraýyş edaralary bolan edaralar tarapyndan welaýatyň uzakda ýerleşip, barmasy kyn bolan obalarynyň Sanawynda görkezilmedik beýleki obalardaky döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň sanawy (şu Tertibe 2-nji goşundy) düzülýär we ýolbaşçysynyň goly hem-de edaranyň möhüri bilen tassyklanylýar.

  1. Şu tertibiň dördünji we bäşinji böleklerinde görkezilen goşmaça haklar (mundan beýläk – goşmaça haklar) saglygy goraýyş edaranyň ýolbaşçysynyň buýrugy esasynda tölenilýär.
  2. Goşmaça hak her aýda aýlyk haky bilen bir wagtda, esasy iş ýeriniň zähmet haky gorunyň serişdeleriniň hasabyna tölenýär. Goşmaça hak degişli saglygy goraýyş işgärlerine wezipe aýlyk zähmet hakynyň daşyndan tölenilýär. Doly bolmadyk iş güni boýunça wezipe sanawynda (0,25, 0,5 we 0,75 iş birliginde) işleýän işgärlere bu görkezilen tölegler iş birlikleriň sanyndan ugur alnyp hasaplanylýar.
  3. Degişli saglygy goraýyş işgäri esasy iş ýerinden başga döwlet saglygy goraýyş edarasynda esasy işi bilen utgaşykly işleýän bolsa, onda utgaşykly işleýän ýeri boýunça goşmaça hak tölenilmeýär.
  4. Goşmaça haklary tölemek bilen bagly çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilmäge degişlidir.
  5. Şu Tertipde göz öňünde tutulan goşmaça haklary tölemek bilen bagly jogapkärçilik iş berijiniň üstüne ýüklenilýär.
  6. Goşmaça hak tölemek işlerini guramak bilen bagly ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
  7. Şu Tertip bilen düzgünleşdirilmedik beýleki gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
  8. Şu Tertibiň goşmaça hak tölemek baradaky kadalary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistan boýunça agyz beklenýän we açylýan wagtlar