JEMGYÝET

Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda Moskwa şäherinde gepleşikler geçiriler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowynyň gurnan metbugat ýygnagynda 22-nji fewralda Russiýanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy barada hem habar berildi.

Russiýanyň resmi wekiliniň bellemegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň 22-nji fewralda Russiýanda iş saparynda boljakdygy bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplaryň rus-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary, sebit we halkara gün tertibiniň esasy meseleleri, şeýle hem köptaraplaýyn esasda (GDA, BMG, ÝHHG, “Hazar bäşligi”) iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary boýunça pikir alşarlar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekiliniň çykyşynda öňümizdäki sapary 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda baglaşylan Strategiki hyzmatdaşlyk ylalaşygyna laýyklykda durmuşa geçirilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin çäreler toplumynyň möhüm bölegi hökmünde hasaplaýandyklary mälim edilýär.

 

Türkiýe talyp haklary: soňky günler….

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Türkmenistan Kuweýte energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Tokaýew: Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystana gelmegini sabyrsyzlyk bilen garaşýarys