DÜNÝÄ

Russiýa Türkmenistana 10 müň doza “Sputnik Laýt” sanjymyny iberer

Russiýa Federasiýasy Türkmenistana “Sputnik Laýt” sanjymynyň 10 müň dozasyny iberer. Türkmenistana getirilen koronawirusa garşy rus sanjymlaryň umumy möçberi 600 müň doza barabardyr. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin gurnan metbugat ýygnagynda mälim etdi.

“orient.tm” internet neşirine görä, rus diplomaty häzirki wagtda “Sputnik Laýt” sanjymynyň 10 müň dozasyny ibermäge taýýarlyk görülýändigini belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar berişi ýaly, Türkmenistan Russiýanyň bu sanjymyny hasaba aldy.

-Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda bu ugurda özara ylalaşyk bar. Bu hem bizi begendirýär – diýip, ilçi belleýär.

Russiýanyň wekili Türkmenistandaky sanjym işleriniň depgini barada hem aýdyp, onuň maglumatlaryna görä, ilatyň 80 göteriminiň doly sanjym alandygyny belledi.

Munuň örän gowy görkeziji bolup durýandygyny bellän ilçi Russiýada bu görkezijiniň takmynan 60 göterim töweregindedigini mälim etdi.

Rus ilçisi Tükrmenistanyň sanjym göterimini 90 göterime çenli ýetirmegi meýilleşdirýändigini belläp, munuň dünýäde iň gowy netije boljakdygyny belledi.

 

Alymlar Antarktidanyň aşagynda täze durmuşy tapdylar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistanda «Tatar kyzy» halkara bäsleşigi geçiriler