BILIM

Alymlar Antarktidanyň aşagynda täze durmuşy tapdylar

98 göterim buz bilen örtülen Antarktidada täze durmuş ýüze çykaryldy. Yklymyň uly bölegini öz içine alýan buz gatlagynyň aşagynda ylmy-barlag işlerini geçiren alymlar 200 metr çuňlukda 77-den gowrak görnüşi tapandyklaryny habar berdiler.

Germaniýadaky Alfred Wegener instituty tarapyndan geçirilen täze gözleg materigiň buz bilen örtülen sebitinde ýaşaýyş alamatlaryny ýüze çykardy. Esasy bölegi doňan çöllükden ybarat bolan materigiň kiçijik bir böleginde durmuş ýüze çykarylsa-da, gözlegde buz gatlagyň aşagynda hem täze durmuş tapyldy. “Current Biology” žurnalynda çap edilen gözlegde, Alfred Wegener institutynyň, Germaniýanyň “Helmholtz” polýar we deňiz barlaglary merkeziniň alymlary gyzgyn suw ulanyp, kontinental buz gatlagynda iki deşik burawladylar. Şeýlelikde, Antarktidanyň buz gatlagyndaky deşikleriň 200 metr çuňlugynda, deňiz kenarynda 77-den gowrak görnüşi öz içine alýan durmuş bölekleriniň tapylandygy habar berilýär.

Ýüze çykarylan görnüşleriň käbiriniň ozal tapylandygy we köpüsiniň ilkinji gezek tapylandygy habar berildi. Gözlegiň esasy awtory Deýwid Barnes metbugat beýanatynda “Bu aşa agyr şertlerde ýaşaýan köp jandaryň tapylmagy düýbünden garaşylmadyk zat boldy. Antarktida deňiz durmuşynyň nähili täsin we üýtgeşikdigini görmek bolýar” -diýdi. Barnes: “Haýwanlaryň köpüsiniň iýmitlenmek mümkinçilikleri, bu gurşawda hiç bir ösümlik ýa-da suwoty ýaşap bilmejek ýerinde haýwan görnüşleriniň subutnamalaryny tapmak geň galdyryjy”-diýip beýan edýär. Indiki maksat – bu durmuş şertleriniň Antarktika gurşawynda nähili ösendigini öwrenmekden ybaratdyr.

 

“Huawei”: ilkinji eplenýän smartfon, akylly äýnek we elektrikli ulag

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi