BILIM

Russiýa : Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeltmek

Russiýa daşary ýurtlardan, aýratynam Merkezi Aziýa ýurtlaryndan okadyljak talyplaryň sanyny köpeldýär. Bu mesele Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda geçirilen Russiýa hökümetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň ýazgysy RF-iň prezidentiniň Kremlin.ru resmi internet-wekilhanasynda çap edildi diýip www.turkmenistan.gov.tm saýtynda aýdylýar.

Habarda bellenişine görä, Mejlisde Russiýanyň ylym we ýokary bilim ministri Waleriý Falkow pandemiýa we beýleki ýaramaz ýagdaýlara garamazdan, daşary ýurt dalaşgärleriniň Russiýanyň ýokary bilimine isleginiň ýokarydygyny belledi.

«Elbetde, biz ýurda zehini güýçli kadrlaryň gelmegine gyzyklanýarys, şonuň üçinem daşary ýurtly raýatlaryň kwotasyny artdyrmak barada karara gelindi» – diýip ministr aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ýakyn goňşylar – adatça Russiýa bilimine juda uly isleg bildirilýän Merkezi Aziýa ýurtlary öňdeligi eýeleýärler.

Falkow şeýle hem dalaşgärleriň arasynda şu ýyl islegli ugurlary agzady. Inženerçilik hünärleri, mugallymçylyk we lukmançylyk ugurlary has meşhur bolar.

«Informatika tehnologiýalary ugurlaryna hem islegiň ýokarlanjakdygyny çaklaýarys. Şunuň bilen baglylykda soňky iki ýylda biz sanly ykdysadyýet üçin býujet ýerleriň sanyny iki essä golaý artdyrdyk» — diýip ministr belledi.

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

Ýene-de okaň

FLEX bäsleşigi 2026-2027 barada maglumat

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin ABŞ-da bir ýyllyk okuw maksatnamasy!

“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy ýakynda başlaýar

Türkmen talyby GDA-nyň “Iň gowy talyby” diýlip yglan edildi

Türkiýede uniwersitetlerde üç aýlyk tomus dynç alşy ýatyrylýar

Türkmenistanda «durmuş gullugy» hünäri täze hil derejesine geçýär