TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SÖHBETDEŞLIK

Röwşen Amanow: Aýdyma baglanan ömrüm

Aýdym-sazlaryň jadylaýjy gudraty hakynda söhbetdeşligimiziň her sanynda size ýetirip durýarys. Aýdym-sazlar adamyň ykbalyna ornan bir gudrat.  Onuň gudraty  hakda näçe gürrüňler edilse hem azlyk edýär.  Sebäbi aýdymlar-sazlar ilkinji bolup seniň duýgularyňa duýgy gatýan, deň paýlaşýan sungatdyr.  Aýdymlar–sazlar hakynda, ol dünýäni ykbal kitabyna baky ýazan adamlaryň ömür ýoly barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň www.atavatan–turkmenistan.com   saýty üçin söhbedimizi dowam edýäris. Söhbetdeşligimiziň bu sanynyň myhmany ýaş zehinli aýdymçymyz Röwşen Amanow.

Röwşen sizi “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzda hoş gördük. Çakylygymyzy  kabul  edip geleniňiz üçin “Atavatan Türkmenistan”  halkara žurnalymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýarys.  Söhbedimizi hemmä mahsus bolan soragymyz bilen, ýagny sungat ýolundaky ilkinji ädimleriňiz dogrusynda başlasak.

– Sagboluň! Sungat älemine men heniz okuwçy wagtym gadam basdym. Ol wagtlar mekdepde ýörite aýdym-sazdan sapak berilmeýärdi. Şonuň üçin mugallymymyz bize ýörite öý işi hökmünde bir aýdymy öwrenip, taýýarlanyp gelmegimizi tabşyrdy. Tabşyrylan aýdymy ejem gowy bilýän ekeni. Ol halkyň arasynda meşhurlyk gazanan “Çalsana, bagşy!” diýen aýdymdy. Ejemiň hiňlenip bermegi bilen, sapaga gowy taýýarlyk gördüm. Ertesi güni sapakda aýdymy aýdyp beremde, hemmeler gowy gördi, hat-da bäşlik bahamy hem alypdym. Aýdyma höwesimiň döremegine şol sapak we şol günki bäşlik uly itergi berdi. Şol höwes bilen hem men dutar gurnagyna gatnap başladym. Dutar bilen täze aýdymlary öwrenip başladym. Begmyrat Annamyradow bolsa meniň synpdaşym we sungat ýolunda ilkinji dostum. Hat-da meniň ilkinji aýdymlarymyň ýazgysyny Begmyrat goýup beripdi.

-Nähili aýdymdy ýadyňyza düşýärmi?

-Okuwçy döwrümizdi.  Aýdym Türkiýe Resbuplikasynyň önümidi. Soň köp zähmet çekip, bilelikde hem köp aýdymlaryň üstünde işledik.

-Ilkinji albomyňyz näçinji ýylda haýsy at bilen halk köpçüligine ýetirdiňiz?

– 2001-njy ýylda Begmyrat Annamyradow, Gülaýym Joraýewa dagy bilen bilelikde “ Ýaş söýgi” ady bilen çykardyk. Şowly çykdy, diýip hasap edýärin. Sebäbi halk köpçüligi gyzgyn garşy aldy.

– Size meşhurlyk getiren aýdymlar barada söhbedimizi dowam etsek.

– 2003-njy ýylda halk köpçüligine ýetiren “Asmandaky aý” diýen aýdymym uly meşhurlyk gazandy. Watan goragyny 2005-nji ýylda tamamlap gelenimden soňra, “Alo” diýen aýdymym, 2007-nji ýylda bolsa “Hoş gal ýarym!” diýen aýdymym üstünlikli çykdy. Häzir hem internet sahypalarynda ýaş oglan-gyzlar diňleýärler, paýlaşýarlar.

-Diňe estrada ýolundan aýdym aýdýaňyzmy ýa-da halk aýdymlary hem ýerine ýetirýärsiňizmi?

– Çaga wagtym dutara gatnaýardym diýip, ýaňy sözümde belläp geçipdim. Şol wagtlar halk aýdymlaryny aýdýardym. Ýöne 4-nji synpda men okaýan mekdebimi täzeledim. Täze mekdepde Begmyrat Annamyradow bilen tanyşdym. Tanyşlygym maňa diňe estrada ýolundan aýdym aýtmagyma iterdi. Ine, şol günden bäri hem diňe estrada ýolundan aýdym aýdýaryn.

-Käriňe ussat bolmagyň üçin hökman halypaň elinde tälim almak gerek mi?   Bu ugurda halypaň barmy?

– Käriňe ussat bolmagyň üçin halypa gerek diýip pikir edýärin. Belli halypanyň elinde tälim almadyk bolsam hem, gaýybana halypamdan köp zatlary öwrendim. Gaýybana halypam hökmünde bolsa, Nurmuhammet Meredowy, Şatlyk Nuryýewi aýdyp bilerin. Sebäbi halypalaryň aýdymlaryny köp diňläp, özüme gerekli zatlary häzirki güne çenli köp zatlary öwrendim.

-Halk köpçüligine jemi näçe sany albomyňyzy ýetirdiňiz?

-Häzirki güne çenli irginsiz zähmet çekip, 9 sany albomymy ildeşlerimize ýetirdim.

-Aýdymça nähili häsiýetler mahsus?

– Meniň pikirimçe, alçaklyk, hemişe göze ýakymly geýinmek.

– Sungat sapary bilen daşary ýurtlara gidip gördüňizmi?

-Ýok. Ýöne men taryhda meşhur bolan Makedoniýa diýen ýurda gitmek islegim bar.

-Köp adamlar Italiýa, Beýik Britaniýa, ABŞ, Russiýa ýaly ýurtlara gitmäge isleg bildirýärler. Näme sebäpden sizde Makedoniýa gitmek höwesi döredi?

– Taryhy şahsyýetleriň içinde Aleksandr Makedonskini gowy görýän. Taryhda tutanýerli we meşhur adam bolan. Makedoniýada şonuň adyny göterýän döwlet. Täsir galdyran adamyň ýaşap geçen ýeri hem meniň üçin täsirli. Şonuň üçin ol ýere gidesim gelýär.

– Çagalykdan diňe aýdymçy bolmagy arzuw edipmidiňiz?

-Özümi bilenim bäri, diňe şu ugra ýykgyn etdim. Başga käriň pikirini hem edip görmändim. Başga kärde özümi göz öňüne getirmegi hem başarman.

-Aşgabat şäherine näçinji ýylda geldiňiz?

-2001-nji ýylda geldim.

-Şägirdiňiz barmy?

– Häzirki wagtda şägirdim ýok.

-Maşgalaňyz  barada gürrüň beräýseňiz?

– Maşgalada biz iki oglan perzent. Jigim Meýlis Amanow hem aýdym aýdýar. 2007- nji ýylda maşgala gurdum we Gülşen, Gülnäz, Günaý atly perzentlerim bar.

-Durmuşda nähili häsiýetdäki adam siz?

-Tebigy häsiýetim agras  we köp gürlemeýän adam.

Sungatyň başga görnüşi bilen gyzyklanyp gördüňimi?

-Hawa, elbetde. Goşgy ýazmak bilen gyzyklanýan. Köp halatlarda aýdymlarymyň sözlerini hem özüm ýazýaryn.

– Diňe öz sözleriňize aýdymlary işleýäňizmi ýa halypa şahyrlaryň sözlerine hem aýdymlary döredýärsiňizmi?

-Elbetde halypa şahyrlaryň sözlerine hem aýdymlary işleýärin. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine  “Gahryman Arkadagymyz!”, “ Toýlysyň Diýarym!”  diýen aýdymlarymy işläp, halka ýetirdim. Ondan daşary ýaş şahyrlardan Döwlet Berdigylyjowyň sözlerine hem aýdymlary işleýärin.

– Bir aýdymçy “aýdymyň şowly çykmagyna sazyň orny ilkinjidir” diýipdi. Bu barada siziň pikiriňiz?

-Men ylalaşýaryn. Kompozitoryň orny has uly bolup durýar.

– Şu ýerde öz işleşýän kompozitorlaryňyz dogrusynda hem durup geçäýseňiz?

– Meniň iki albomymy Begmyrat Annamyradow ýazyp işläp berdi. Myrat Rozyýewiň sazandarlyk etmeginde köp aýdymlary işledim. Köplenç özüm hem ýazýaryn. Öýümde  öz şahsy studiýamda işleýärin.

-Gyzjagazlaryňyzyň arasynda aýdym aýtmaga höwes bildirýäni barmy?

-Hawa bar. Uluja gyzym Gülşen aýdym aýtmaga höwes bildirýär. Gowy sesi hem bar. Ýöne men aýdymçy bolmagyny islemeýärin. Sebäbi türkmençiligimizde “gyz kişi maşgalasy”, özgäniňki hasaplanýar. Şonuň üçin meniň ýolumdan, sungat ýolundan gitmegini, halkyň öňüne çykmagyny islemeýärin.

-Arzuwlar ynsan durmuşyny gözelleşdirýän hyýaly güýç hasaplanýar. Elbetde, şoňa laýyklykda ynsan kalby arzuwsyz bolmaýar. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda arzuwlaryňyzy paýlaşsaňyz.

-Ilki bilen hormat bildirip çagyranyňyz üçin “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň döredijilik toparyna köp sagbolsun aýdýaryn.  Ýurdumyz parahat bolsun, çagajyklaryň bagtyýar sesi hemişe ýaňlansyn! Biz aýdymçylar bolsa şol parahatlygyň, bagtyýarlygyň sesine sesimizi goşup aýdymlarymyzda waspyny ýetireli. Işiňizde üstünlik arzuw edýärin sizede!

-Sag boluň, arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Sungat äleminde üstünlikli menziller hemraňyz bolsun!

Şahsy maglumatlary:

Ýakynda, Röwşen Amanow bilen söhbetdeşligimizi ýazga geçirinimizden soňra,  ogul perzediniň dünýä gelendigi barada  habar gelip gowuşdy.

Doglan ýeri: Mary  welaýatynyň Mary şäheri.

Doglan senesi: 1984-nji ýylyň 23-nji iýuny.

Bilim alan mekdebi: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 6-njy orta mekdebi.

Zähmet çeken ýeri: Mary welaýatynyň Mary şäheriniň “Margiana” medeniýet köşgi.

Söhbetdeş bolan: Miwe Jumadurdyýewa “Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

“Makul Sözlük” indi türk dilinde : 3 dilde onlaýn sözlük

 

Aýjeren Rejebowa : Ykbalymyň saýlan hünäri teležurnalistika

 

Zyba zybanly Zybagözel

Ýene-de okaň

Çary Berdiýew – sungata aşyk ynsan

Batyr Çaryýew – sungata baglanan ykbal

Gözel Annahanowa: sungat ýolunda kemal tapan ýüregim

Ata Watan Eserleri

Teswirle