TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Makul Sözlük” indi türk dilinde : 3 dilde onlaýn sözlük

Türkmen we Iňlis dilindäki ilkinji “akylly” sözlük bolan  “Makul Sözlük” indi türk dilinde taýýar edildi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Makul Sözlük” birnäçe gün öň, çagalar üçin sözlügi, ýagny suratly we oýunly sözlügi rus dilinde Size ýetiren bolsa, indi “Makul Sözlügi” türk dilinde Size hödürleýär!

Jemi 17.000-den gowrak Iňlis dilindäki esasy söz indi türkmen we türk dillerinde “Makul Sözlügiň” bazasynda öz ornuny tapýar!

Siz türkmen, iňlis we  türk dillerindäki haýsyda bolsa bir sözi www.makulsozluk.com saýtynyň “gözleg” bölüminden gözlän ýagdaýyňyzda şol sözüň üç dildäki terjimesi getirilip berler!

Siz “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Makul Sözlük” Applikasyýasyny hem mugt ýükläp alyp 3 dildäki sözlükden peýdalanyp bilersiňiz! Bellemeli zat, häzirki wagtda rus dilindäki sözlügimiz hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar!

“Makul Sözlükde” eýsem başga nähili aýratynlyklar bar!

  • “Makul Sözlük” Applikasyýasy, offlaýn, ýagny, internet bolmazdan hem işleýär!
  • “Makul Sözlügiň” “Windows” üçin aýratyn bölümi bar we ony www.makulsozluk.com saýtyndan kompýuteriňize ýükläp alan ýagdaýyňyzda internet bolmazdan hem işleýär!
  • Iňlis dilindäki sözleri, “sesli gözleg” mümkinçiligi bar! Ýagny, Siz haýsyda bir iňlis dilindäki sözleri diňe ýazyp däl, “sesli gözleg” hem edip bilersiňiz!
  • Iňlis we türkmen dilindäki jemi 40.000 sözüň sesli aýdylyşy “Makul Sözlükde”, ýagny, siz bu sözleri “eşidip” hem bilýärsiňiz!
  • “Makul Sözlük Extentiony” ýükläp alan ýagdaýyňyzda, kompýuterde haýsyda bolsa bir zat okaýan wagtyňyz, şol sözüň üstüne iki gezek basaňda, terjimesi Size getiriler!
  • Türkmen dilindäki jemi 500-e golaý nakyllarymyzy iňlis dilinde giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär!
  • Durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlem türkmen we iňlis dillerinde sesli we ýazmaça Size ýetirilýär!
  • Çagalar üçin Sözlük, Iňlis, Rus we Türkmen dillerinde çagalara hödürlenýär!
  • Çagalar üçin sözlükde, suratly sözlük, oýunly sözlük, şeýle hem jemi 375 söz türkmen we iňlis dillerinde mysallar bilen düşündirilýär!
  • Söz düzümler, prefiksler, suffiksler, nädogry işlikler (irregular verbs) we idiomalar mysallar bilen düşündirilýär!
  • “Makul Puzzle” wagtyň gyzykly geçirmek üçin gowy güýmenje!
  • “Sözlükli Krossword” her gün täzelenýän 15 sözi krosswordyň üsti bilen öwrenmek üçin mümkinçilik!
  • “Atavatan Krossword” türkmen dilindäki maglumat baýlygyňyz ösdürmek üçin gowy mümkinçilik!

Çagalar üçin “peýdaly oýunlar” : Iňlis, Rus we Türkmen dillerinde

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkiýede 8 aýda 69 sany Türkmen kompaniýa esaslandyryldy

Baş Redaktor

Oleg Kononenko: Türkmenistanyň ösüşine hemişe uly goşant goşmaga taýýardyryn

Teswirle