TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo Messiniň ýerine geçmekçi

Häzirki wagtda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynda oýnaýan Kristiano Ronaldonyň Ispaniýanyň “Barselona” toparynda Lionel Messiniň ornuny almakçy bolýandygy aýdylýar.

Ispaniýanyň metbugatynda portugaliýaly hüjümçi “Barselona” toparynyň goragçy Žerar Pike jaň edip, Messiniň ornuna özüni teklip edendigini mälim edýär. Bu habar metbugatda giň seslenme döretdi.

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan soňra futbol durmuşynda garaşylýan netijäni alyp bilmedik Ronaldo Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndaky, täzeden dolanyp gelen “Mançester Ýunaýted” toparyndaky oýnundan hoşal däl. Şeýle hem Ronaldonyň häzirki toparyň syýasatyndan we täze tälimçisi Rangnikden hem gaty hoşal däldigi bellenilýär.

“Mundo Deportivo” gazetiniň habaryna görä, Ronaldo Pike jaň edip, Messiniň ornuna geçip biljekdigini belläpdir. Şeýle hem Ronaldo “Barselona” toparynda futbol durmuşyny dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim edipdir.

“Barselona” toparynyň ýolbaşçysy Žuan Laporta hem Ronaldonyň satyn alynmagyna gyzyklanma bildirýär. Onuň 2003-nji ýylda goýberen ýalňyşlygynyň öňüni almakçy bolýandygy aýdyldy. Şol döwürde Laporta Portugaliýanyň 2 ýyldyzyny göz öňünde tutup, Kristiano Ronaldonyň ýerine Rikardo Kuarejmany transfer edipdi.

Ronaldonyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen şertnamasynyň möhleti 2023-nji ýylda tamamlanýar. Futbolçy topardan gitmek islese, oňa garşy çykjak bolýanyň ýokdugy aýdylýar.

Ronaldo “Mançester Ýunaýted” topary bilen 19 duşuşykda oýnady. Ol Angliýanyň çempionatynda 14 duşuşykda 7 gezek, Çempionlar Ligasynda bolsa 5 duşuşykda 6 gezek tapawutlandy.

 

Orazgül Apbasowa: gülki göwün ganaty

Ýene-de okaň

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň ilkinji zenan emini

Teswirle