TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Orazgül Apbasowa: gülki göwün ganaty

Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Apbasowany ilkinji gezek Aşgabat haly fabriginde işleýärkäm ýüzbe-ýüz gördüm. Kärdeşleri bilen «Ene» atly sahna oýny görkezmäge bardylar. Şol oýunda ol eltisi bilen, ölmedik gaýyn enesiniň baýlygynyň üstünde ýakalaşyp ýören keşbi janlandyrdy. Oýundygynam unudyp, olary aralaşdyrjak boldum. Bu bolşuma ýanymdaky gelinler gülüşdiler. Emma men şol oýny görýärkäm aglap oturan ekenim. Oýun tamamlandy. Orazgül gelneje esli wagtlap haşlap, demi-demine ýetmän, oturgyjyň üstünde oturdy. Şonda artistlik käri, ähli kärdenem kyn bolup göründi. Soň oňa ikinji gezek «Aşgabat» seýilgähiniň ýanyndaky duralgadan awtobusa münenimde duşdum. Ýolagçy awtoulagyň öňdäki oturgyjynda ýeke özi otyr eken. Köplenç gülküli keşplerde çykyş edip ýörensoň, mydama şadyýandyr öýdýärdim. Şol gezek welin, heýkel ýaly gymyldaman, aladaly doňup otyrdy.

— Nurbibi geldimi? — diýip, oňa sahnada janlandyran keşbindäki sözleri bilen habar gatdym. Ol çalaja ýylgyryp:

— Gelmän galsyn-la. Her gezek maňa berilýän keşp, «ýa bogalaşmaly, ýa gemrişmeli». Soňam onsoň özüňi süýt-gatyga tutup, saglygyňy dikeltmeli bolýar — diýip käýindi.

Özem ýarawsyz eken, sesi gyryk çykýardy. Şonda ol: — Bir keşp ýadyma düşýär. Teatryň içinde gaty uly agaçdan gaýyk ýasadylar. Oýnuň ady «Nuhdy». Şol oýunda maňa Bedroýyň keşbi ynanyldy. Ana, şonda gören görgimi diýsene. Uzyn köýnekde, gaýygyň aşagyndan haşlap, emedekläp çykmaly, bir-de halkyň arasyndan, birdenem gaýygyň içinden. Tüýs Bedroýyň keşbi-dä. Bu gaýygyňam matadan ýasalan ýelkeni bardy. Olam reňklenen. Her gezek emedeklämde köýnegime ilişip, guran reňkler pytrap, demligimi tutup barýar. Gaty erbet kösendim. Şol oýundan soňam esli wagt ýaramadym — diýip gürrüň berdi. Soň onuň bilen ençeme gezek söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Hat-da metbugat üçin ilkinji ýazan söhbetdeşligimi-de Orazgül Apbasowa bilen taýýarlapdym. Ömrüni teatr sungatyna bagyşlan halypa artistiň gyzykly gürrüňleri onuň sahna keşpleri ýaly diýseň täsirli. Onuň ussatlygyna islendik pursatda göz ýetirip bolýar. Bir gezek redaksiýanyň tabşyrygy bilen onuň gülüp oturan suratyny almaly bolduk. Baýramçylyk golaýlap gelýärdi. Işiniň köpdügini bilemizsoň, oňa jaň edip ýagdaýy aýtdyk. Ol: «Ertir ir bilen 7-den gijä galman öýümize gelseňiz, şägirdim Gözel Çommyýewa bilen bileje surata düşäýeris» diýdi. Gijä galmajak bolup suratçymyz bilen ýediň ýarynda öýüne bardyk. Ol eýýäm işe gidipdir eken. Onsoň jaň etdim. «Gyssagly işe çagyrdylar, häzir barýan, gyzym» diýip, uzaklaşman geldi. Özi ulag sürýärdi. Sahna eşiginde haýdap ulagyndan düşdi. Suratçy ýagdaýy düşündirip, surata aljak bolýar welin: «Gülmelimi?» diýip soraýar-da,  «başladyk onda» diýip «jak-jak» edip gülüp başlaýar. Biraz saklan diýýäs welin, säginýär-de, ýylgyr diýlendenem ýene gülüp başlaýar. Onuň gülküsine goşulyp eňegimiz ýazara geldi. Şeýle joşgunly gülmegi nädip başarýandygyna haýran galdyk. Wäşilik onuň zandynda bar. Bir günem «Watan» kinokonsert merkezinde geçirilýän duşuşyga bardyk. Öňdäki hatarda Orazgül gelneje otyr. Sahnada-da 4-5 sany çykyş etjek myhmanlar otyr. Hiç kim hiç zat diýenogam welin, birden Orazgül gelneje: «Gapdalymda oturan ýaşlar, Orazgül gelneje, näçe ýaşyňyzda?» diýip soraýarlar. Ýene iki ýyldan 70 ýaşaýan, nesip bolsa Täçmämmet ýaly gowy adam duşsa durmuşa çykmakçy» diýip öz-özi gürledi. Şol wagtam halypa ýazyjy Täçmämmet Jürdekow söz sözlemek üçin münbere çykmaly boldy. Ol: «Orazgül, degişmäň galjak däl-dä!» diýip, münbere ýöräp gelýär welin, Orazgül gelneje: «Bolsada ahyry yrdym, honha maňa söz aýtmaga gelýär» diýip ýene gürledi. Zaldaky tomaşaçylar gyzyl-gyran bolup gülüşdiler. Onuň baran ýeri ala-ýaz.

Bir gezegem oňa ilkinji gezek halk köpçüliginiň öňüne çykan günüňiz, halypalardan alan ilkinji tankydy bellikleriňiz? ýadyňyza düşýärmi? Maşgala agzalaryňyz haýsy ugry saýlamagyňyzy isledi?— diýip birnäçe sowallar bilen ýüzlendim.

Ol: «Çagalykdan Kaka etrabynyň halk teatryna gatnaýardym. 1957-nji ýylda paýtagtymyzyň «Aşgabat» seýilgähinde ähli welaýatlardan saýlanan çeper höwesjeňleriň çykyşlarynyň jemleýji gözden geçirilişi boldy. Şonda «Zöhre we Tahyr» pýessasy esasynda men-ä Mahymyň keşbini, aýdymçy Öwezgeldi Tekäýew bolsa Hasan şugulçynyň keşbini döredipdi.

Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa ýüz görmän, tankydy bellikleri köp aýdardy. Her gezek «Nesimi» spektaklyna taýýarlyk görýäs welin, «Seniň oýnaýşyň bolanok» diýýärdi. Gaharym gelip, öýkeleýärdim. Ahyry spektakly tabşyrmaly wagty geldi. Ýelizawetanyň bellikleriniň täsirindenmi ýa keşbim başga birine beriläýmesin diýen pikirdenmi, bilmedim, şeýle bir yhlas edipdirin, hatda onuň hol bir çetde oturanynam görmändirin. Baş taýýarlyk tamamlandy welin, Ýelizaweta: «Gel bärik» diýip çagyrdy. «Indi näme diýerkä?!» diýip çekinip, ýanyna bardym. Şapladyp, ýaňagymdan ogşap: «Ine, şu günki oýnaýşyň ýerine düşdi!» diýdi.

Maşgalamyz mugallym bolmagymy isledi. Göwünlerini ýykmajak bolup, okuwa girdimem, ýöne bir ýyl okap, soň ugrumy üýtgetdim — diýip jogap berdi.

Onuň çagalyk döwrüniň ýatlamalary-da gyzykly. «Biz çaga döwrümiz baýramçylyga zardyk. 1-nji maý, 7-nji noýabr hemem Täze ýyl baýramçylygy bolaýmasa, toý-baýram seýrekdi. Äwüp-säwüp ýönekeýje matadan köýnek tikinäýsek, meýdan gülleriniň ýapragyny köýnegimiziň epininiň aralarynda ýaýradyp goýup, ýa bolmasa kakamyzyň alyp beren jorapjygy bolsa-da, baýramçylykda geýerin diýip ýygnap goýup garaşardyk. Obada — gum içinde önüp-ösdüm. Käwagt kino görkezilerdi. Öweý enäniň elinde ulaldym. Öweý enem: «Obada kino görkeziläýse, şol gün mekgäniň gulpagyndan sakgal ýasanyp, kelläňe telpek, egniňe don geýip, eliň hasaly ýaşuly bolup gapydan girerdiň. Elbetde, kinoda oýnaýan artistleriň birine öýkünýän bolmagyň mümkin» diýip ýatlardy. Onuň ýene bir aýdany ýadymda: «Gowaça meýdanyna işlemäge çykardyk. Hemme kişi işläp ýörendir, emma sen ýoksuň. Seretseň, haýsy tut agajynyň miwesi süýji bolsa, şonuň üstündesiň. Özi-de maýmyn ýaly bolup, ol tut agajyndan beýleki bir tut agajyna böker ýörerdiň. El-aýagyňy döwdüräýermikäň öýdüp, alada galardym» diýerdi. Çagalyk döwrüň her ädimiňde ene-ata alada bolýandygyň hakda pikir edilmändir.

Kaka etrabyndaky Gozgan, Magtymguly gala hem-de Kesewli obalary üçburçluk şekilde ýerleşýär. Obalaryň häzir atlarynyň üýtgän bolmagy mümkin. Şol üç obanyň ortarasynda depe bardy. Ine, şol ýerdäki baýryň eteginde-de ekin ýer bardy, kakam onuň mirabydy. Şonuň üçin, kakama ak ýaba goşulan paýtun berdiler. Ilkinji gezek mekdebe gidenimde, kakam meni şol paýtuna mündürip äkidipdi. Esgiden elde tikilen, gapdaly jübüli torbam bardy. Syýa çüýşe bilen ýelegi torbamyň jübüsine salyp bardym. Mekdep diýilýänem köneje. Hormatly Prezidentimiziň häzirki gurdurýan mekdepleri dagy köşk ahyry! Häzirki döwrüň çagalary — bagtly çagalar. Hawa, şeýdip, 1947-nji ýylda birinji synpa okuwa gitdim. Meni bir rus mugallymy garşy alypdy — diýip çagalygyny ýatlapdy. Bir gezek onuň iş ýerine baryp, Şa serpaýy bilen sylaglanandygy bilen gutladym. Ol: «Bäsleşigiň ýeňijisi bolanymdan habarymam ýok. Irden işe gelemde, bir kärdeşim öňümden çykyp, meni gutlady welin, begenjimden ogşap-ogşap, ýüzüni-gözüni jym-gyzyl edipdirin» diýip, gürrüň berdi. Şol wagt onuň «Nejep oglan» sahna oýnunda uklap ýatan Nejebi ogşap, «Ýar meniňki, ýar meniňki» diýip,  ýaňaklaryny terne gemren ýaly edip oturşy göz öňüme geldi. Ussat artistiň sanardan kän döreden keşpleri bar. Onuň kino hem teatr sahnasynda döreden keşpleriniň her biri özboluşly häsiýeti bilen tapawutlanýar.

— Orazgül gelneje, wäşi artist hökmünde tanalýaňyz. Käbir degişme sahnalaryňyzda gödegräk  degişmeleriňizem bar. Bu sahnadaky keşbiň täsirindenmikä?— diýenimde:

— Teatrda Watançylyk urşuna gatnaşan bir zenan işgärimiz bardy. Teatr işgärleri şol aýaly her ýyl Ýeňiş güni bilen gutlap, oňa sowgat bererdiler. Ol görgülem özüne şeýle hormat edilýänine monça bolup, hamsygardy hemem sag bolsun aýdyp, söweşde başyndan geçiren günlerini ýatlardy. «Aý, ynha, şol kynçylykly günlerde on dokuz-ýigrimi oglanyň arasynda zenan maşgala halyma ýeke özüm söweşde boldum» diýip, gürrüň bererdi. Menem: «Baý-ba, bagty gelen-ä sen ekeniň» diýip degerdim. Şular ýaly degişmäni diňleseňem, geň görülmegi mümkin. Emma ýüregimde erbet pikir ýok, ýöne şol görgüliniň aglap durşuna dözmän, ony ýylgyrdasym gelýärdi.

Köplenç degişme sahnalarda, Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Aşyrow bilen är-aýalyň keşbini janlandyrdyk. Tomaşaçylar bizi «Emenek aga bilen Ýalpyl gelneje» diýip, tanaýarlar. Ýöne kinorežissýor Kakow Orazsähedowyň «Çakan aganyň arzuwy» filminde Türkmenistanyň halk artisti Nurmyrat Annamyradow bilen döreden keşbimizem tomaşaçylar gowy kabul etdiler. «Wäşi är-aýalyň agzybir maşgalasyny ýada salýarsyňyz» diýýärler.

Nurmyrat, köplenç, agras keşpleri döredýärdi. Emma durmuşda ol degişgen adam. Degişmän, deňiňden geçmez. Onsoň keşp jüpüne düşmän, gitjek ýeri nire? Nurmyrat gaty ussat artist — diýip kärdeşleriniň ussatlygyna buýsanç bilen guwanýar.

Orazgül Apbasowa hojalykçy zenan. Ol biş-düş taýýarlanda-da, el işlerini edende-de sünnäläp edýär. Ol bir gezek maňa lagman bişirmegi öwretdi. —Eti barmagyň bir bogny ýaly möçberde ownugrak dograýaň-da, ýagda gowurýaň. Soňra onuň üstüne käşir, sogan, ýukarak dogralan kartoşka atýaň. Iki çemçe pomidor goýaltmasyny goşýaň, edil taýýarlanyşy ýaly, gaýnan suw guýýaň, duzuny dadyp görüp, ownuk dogralan sarymsak atýaň. Soňra bulary pessaý ýanýan otda gaýnadýaň. Hamyr ýugurýaň. Hamyra hökman iki sany ýumurtga goşgun. Adatça, unaş kesilende inçe kesseň, süýji bolýar, emma lagmany birneme inliräk kesgin. Ony aýratyn gapda gaýnap duran duzly suwda bişir. Süzgüçden süzen dessiňe, üstünden sowuk suw guý. Şonda lagman bir-birine ýelmeşmez hemem owadan bolar. Mejimä bölüp çykar. Üstüne, isledigiňçe, taýýar batyrmadan guý. Umuman, şeýle iý, gatyklap iý — ol öz işiň.

Onuň örüp oturan işlerini synlanyňda-da eli gelşip dur. Ol:

— Bir gezek Mara bardym. Iki sany gelin ýanyma gelip: «Orazgül daýza, eliňizi göreli-le» diýdi.

«Wiý, toba, elimiň nämesi barka? Ynha» diýip, elimi uzatdym. «Siz hamyram ýugrup bilýän ekeniňiz-ä» diýdiler. «Näme hamyr ýugrup bilmeýän aýalam barmy?» diýdim. Gülüşdiler. Hamana, artistler diňe sahnada oýnap, öýe baransoňlar, ýatan çöpi galdyrman, aýaklaryny uzyn salyp oturandyr öýdýärlermi ýa-da degşip-gülşüp ýörlensoň, bu hili işlerden üzňedir öýdýärlermi, bilmedim.

Dürli ölçegdäki egin-eşikler, gyňaç, ellik, jorap, jemper, şarf, köýnek örýän. Jorabyň ýüzüni nagyşlaýanam, ýaka-da bejerýän.

Orazgül gelneje hem-ä şarf örüp, hemem gürrüň berip durşuna, birden diňşirgendi-de: «Be-e, elimiň işlidigini eşidip, bu ýaşdan soň «Orazgüle öýlenjek» diýip, üstüm depeşek bolaýsa diýýän-ä» diýip, gaty sesi bilen güldi. Soňam başyny ýaýkap: «Öňem-ä Welmyrat /partnýory Welmyrat Amanow/ meni her kimden gabanyp ýördi. Gabanylmaz ýaly däl-ä — diýip güldi. Men oňa «Şaýly gelin» filminde  saýgyç bilen ýüň saýyp oturan pursadyňyz bar. Hakyky obaly daýzalar-da— diýdim.

— Wah, obada önüp-ösemsoň, ählisi — öň edip ýören işlerim. Daçamyz bar. Bir gün barsam, içini ot basyp gidipdir. Daşoguza gezmäge gidemde myhman bolan ýerim orak bilen pil ýasaýardy. Özlerem ýasamaga şeýle bir ökde. Oragy, pili ýalaw ýaly ýiti. Haýyş etdim. Ertesi gün gaýdýançam, bir pil bilen dört orak ýasap berdiler. Alyp gelýärkäm, ýolagçylar, piliň sapy uzyn-da, geň görüp: «Siz muny näme etjek?» diýip soraýarlar. Näme eder öýdýäň?! Daça baryp, peliň içini gowuja agdardym. Bir ýerde çaýyr bar bolsa, köki bilen sogrup aýyrdym, ýogsa suw berdigiň, ýene haşal ot basýar. Mellegi gül ýaly etdim. Seretsem, hol bir çetde söýelgi halta dur. «Nämekä?» diýip görsem, giýewimiz goýunlaryny gyrkyp, ýüňüni dykyp goýan eken. Zyňmaga dözmän ýaňky ýüňleri çykaryp arassaladym. Soňam sodalap pugta ýuwup, güne serdim. Gurandan soňam ýekän-ýekän tüýtdüm. Marlydan daş tikip, içine ýüňleri ýaýratdym, güýe degmez ýaly, aralygyna temmäki sepip, düşek etdim. Daşyny mahmal bilen daşladym. Şeýle bir ýyly düşek boldy. Bilim agyrýardy welin, hezil edäýdim. Men hijem zat zaýalamok. Gyzym köýnek tikýär, tikinçi. Köýnegiň gyralaryndan çyrpylan sapak-supak bolsa-da, zyňman üýşürýän-de, ýassyk edinýän. Durmuşdaky iş tejribelerim hem keşbiň ynandyryjy çykmagyna uly peýdasy bar.

Işden hiç wagt zyýan gelenok. Ol hem-ä lezzet berýär, hemem eliňi uzyn edýär. Ören-tiken zadyňy birine sowgat edeňde-de bolman duranok. Öz egniňde bolanda-da, eliň işi görnükli bolýar. Ýöne islendik işi harsal etmeli däl. Nagşyň göze ilmejek ýekeje düwni ýalňyş bolsa-da, hökman söküp düzedýän. Islendik iş bolsun, tapawudy ýok, seniň eliň yzy galsyn —diýip maslahat beripdi.

Ondan bäri telim ýyl geçdi. Emma onuň şol şahandazlygy. Sebäbi gülki onuň göwün ganaty.

                                                                                      Akgül SAPAROWA.

 

Halmämmet Kakabaýew: kino sungatynyň ägirdi

 

Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy

 

Geldi Bäşiýew: Gözelligiň waspçysy

 

 

 

Ýene-de okaň

Öwezmyrat Gandymow:hünärine ussat mugallym

Ýagşy nakgaşyň janköýeri köp bor…

Amandurdy Agajykow: saz bilen ýaşaýan ömür

Ata Watan Eserleri

Teswirle