TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Ronaldo “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp geldi

Portugaliýaly dünýä belli futbolçy Kristiano Ronaldo Italiýanyň “Ýuwentus” toparyndaky futbol karýerasyny tamamlady. Ol özüni dünýä has meşhur eden Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp geldi.

Ilki bilen onuň Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna geçjekdigi aýdylypdy. Ýöne ol başa barmady. Ronaldo özniň söýgüli toparyna, has dogrusy “7” belgili köýnekçesi bilen özüni tanadan “Mançester Ýunaýted” toparyna dolandy.

“Mançester Ýunaýted” topary “Ýuwentus” toparyna 36 ýaşly hüjümçi üçin 15 million ýewro we 8 million bonus tölär.

Ronaldo “Mançester Ýunýted” toparynda 2003-2009-njy ýyllarda çykyş etdi. Ol bu ýerden 2009-njy ýylda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçdi. Bu ýerde 2018-nji ýyla çenli oýnap, soňra “Ýuwentus” toparyna geçipdi.

Ronaldo “Mançester Ýunýted” toparynyň düzüminde 3 gezek Angliýanyň çempiony bldy, 2 gezek Angliýanyň ligasynyň Kubogyny we 1 gezek Angliýanyň kubogyny gazandy. 2008-nji ýylda ol bu topar bilen Çempionlar ligasynyň hem-de klublar boýunça dünýä çempiony bolupdy.

Ronaldonyň “Mançester Ýunýted” toparynyň düzüminde 11-nji sentýabrda “Nýukasl” bilen geçiriljek duşuşykda meýdança çykmagyna garaşylýar.

 

1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni bellener

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 41-nji mejlisine gatnaşdy

Dünýä çempionatyny rus teleýaýlymdan görmek bolar

Çempionlar ligasy: “Barselona” ýeňildi

Teswirle