DÜNÝÄ

Putin Türkmenistana sapar bilen geler

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti öz russiýaly kärdeşini Türkmenistana sapar bilen gelip görmegi çagyrdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bu çakylygy kabul etdi. Ol bu barada: “Sag boluň, men hökman bu mümkinçilikden peýdalanaryn” diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini özüne amatly islendik wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Putin bu çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi.

Wladimir Putin iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gol çekjek Ähtnamasynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge uly itergi berjekdigini belledi.

 

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen duşuşýar

Related posts

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

Sanayi alanında atamalar gerçekleşti

vepa