TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

Şu ýylyň 29-njy aprelinde “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

“Atavatan-Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtynyň alan habaryna görä, bu ýörite gatnawdan ýurdumyzyň raýatlarynyň peýdalanmagyna garaşylýar.

Soňky döwürde ýörite uçar gatnawlary has-da ýygjamlaşdyrylýar. Aşgabat-Moskwa, Stambul-Türkmenbaşy ugurly gatnawlar ýerine ýetirilýär. 

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 29-njy aprelde Aşgabat-Moswka ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrylýar. Mundan başga-da, 1-nji maýda “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy tarapyndan Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnaw ýerine ýetiriler.  Ýakynda ýene-de birnäçe ýörite uçar gatnawlarynyň bolmagy garaşylýar. Bular baradaky habary biz Size ilkinji bolup ýetireris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçar gatnawy

 

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Ýene-de okaň

Ahalda döwrebap hassahana açyldy

Maýmyn mama keseliniň ady üýtgedildi

Daşoguz welaýatyna syýahat otlusy guraldy

Ata Watan Eserleri

Teswirle