SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berilýän maglumata görä, şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň amala aşyrjak bu gatnawy sagat 10:00-da ýerine ýetiriler.
Bu gatnaw üçin biletleriň satuwy 27-nji aprelde sagat 10:00-da awiakompaniýanyň Aşgabat şäherindäki edarasynda (Oguzhan köçesi 211-nji bina) satylar.
Biletiň bahasy 600 dollar bolup, ýolagçylar töleg baradaky maglumatlary awiakompoaniýanyň edarasyndan sorap, öwrenip bilerler.
Russiýa barýan daşary ýurt raýatlarynyň hökmany suratda ýanynda 48 sagatlyk PSR-test barlagynyň negatiw netijenamasy bolmalydyr.
Russiýa barýan ahyrky nokadyňyz Moskwa şäheri däl bolsa, onda Russiýa boýunça üstaşyr biletleri satyn almak üçin “S7” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasyndan satyn alyp bolar. (A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy, tel.: +993 12 21-05-93 / +993 64 03-37-03).
Mälim bolşy ýaly, size golaýda beren habarymyza görä, Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawdan başga-da, Türkmenistan-Türkiýe ugurly gatnawlar hem amala aşyrylýar.
Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň şu ýylyň 1-nji maýynda  Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýändigini size ozal habar beripdik.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

Ýene-de okaň

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar