Magtymguly Pyragy : Ajap Eýýam Gelmedi

Bu şygyr gurluşy taýyndan 8 bent, 32 setirden ybaratdyr. Goşgudaky baş tema şahyryň ýaşan döwri, zamany bilen baglanyşyklydyr.

Taryhy sahypalardan hem-de hut şahyryň öz şygyrlaryndan bilnişi ýaly onuň ýaşan zamanasy gaty erbet bolupdyr. Muňa şahyryň hut öz adyndan aýdýan “Çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi” diýen setiri hem doly şaýatlyk edýär.

Şahyr “molla, pir, sopy” ýaly halkyň ynamdar wekili bolmaly adamlaryň “edýän näkesligini, aýbyny açyp”, berk ýazgarypdyr.

Şol döwürlerde mollalary tankytlamaklygyň ýeňil däldigi belli zat, ýöne muny şahyr hut öz tejribesi esasynda subut edipdir: “Hak sözüme diýer mollalar galat, ýalan sözge ýapar boldular halat, kasam edip, eritdiler gör, polat, çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi”.

Şahyr pirlerdir sopulary-da gaty bek daraýar, olaryň etmişlerini ýüzüne basýar: “Pirler roýun açdy, juwansöýerdir, namyssyzy sopy alyp eýerdir, galat aýdyp: “Muny Alla diýer” diýr, çoh garaşdym, ajap eýýam gelmedi

Kyrka gadam goýdum, käsäm dolupdyr” diýip, özüniň akyl taýdan kämillige ýeten döwründe ýazan bu şygrynda-da şahyr tankydy bellikleri batyrgaýlyk bilen öňe sürendigi anykdyr.

Ýaşan döwrüniň ýiti tankytçysy hökmünde özüni tanadan şahyr şygryny şeýle setirler bilen jemleýär:

Magtymguly, tili otly, ot saçar, ýüz görmez, näkesiň aýbyny açar, Alla ganat berse, Hindistan uçar, çoh garaşdym ajap eýýam gelmedi.

         A9 :AL EDER

Goşgy 6 bent, 24 setirden ybaratdyr. Baş temasy ýaşaýyş, durmuş bilen baglanyşykly bolup, onuň şahamçalaryna “bu dünýä”, “pelek” düşünjeleri, oňat adamkärçilik häsiýetleri, “goç ýigit” we “ýaman hatyn” gatnaşyklary, ölüm ýaly birnäçe meseleler degişlidir.

Dostlar, bil baglamaň köne dünýäge, bu dünýä bazygär, biliň, al eder” diýen setirinde şahyr bu dünýä bilen ynsanlaryň gatnaşygyna aýratyn ünsi çekýär.

Magtymguly öz şygyrlarynyň ençemesinde garyplary, mysapyrlary hoş söz we güler ýüz bilen garşy almaklygyň adamkärçiligiň oňat nusgasydygyny ýörite belleýär.

Şahyr maşgaladaky är-aýal gatnaşyklaryna aýratyn ünsi çekip, onuň anyk nusgasyny “goç ýigit” we “ýaman hatyn” gatnaşygy esasynda görkezýär: “Goç ýigide ýaman hatyn duş gelse, ýigrim bäşde saç-sakalyn çal eder!

Ýigitleriň umumy häsiýetini, adamkärçiligini, düşbüligini, iş başarjaňlygyny asla gözden salmaýan şahyr bu şygrynda-da olaryň sözleýşi taýdan tapawudy hakynda şeýle häsiýetnama berýär: “Ýigit bar, gepletseň, çölüň haýwany, ýigit bar, gepletseň, janyň söýeni”.

Sözüň manysyna ýetmez her kişi” diýýän şahyr söze we sözüň manysyna hemişe aýratyn üns bilen garamalydygyny ýörite belleýär.

Şygrynyň soňky setirlerinde “Her kimsäniň ölse dogan gardaşy, pelek anyň elip kaddyn dal eder” diýýän şahyr okyjylarynyň ünsüni ýene aýralyk we ölüm baradaky meselä çekýär.

 

A10:ALAJAKDYR

Bu şygyr gurluşy taýyndan 8 bent, 32 setirden ybaratdyr. Goşgudaky baş tema ölüm, aýralyk bilen baglanyşyklydyr. Onuň şahamçasyna yslam bilen baglanyşykly düşünjeler we dini ynançlar degişlidir.

Adam ogly, bu dünýäge, goýmaz seni, alajakdyr, halal, haram ýygnan malyň, soňra senden galajakdyr” diýen setirler bilen başlanýan goşgusynda şahyr söze aýratyn ünsi çekip, onuň nesilden-nesle miras galjakdygyny ýörite belleýär: “Her çend ki ýaşasaň özüň, ýagşy-ýaman galar sözüň.” Mundan başga-da akyldar şahyr özüniň bu şygrynda “Küfür sözden sakla tiliň” diýip, sözleýiş medeniýetiniň meselesine ýörite ünsi çekip, ynsanlara gödek, käýinç, paýyş sözlerden gaça durmagy maslahat berýär.

Okap bilersiňiz  Nanomorfologiýa: “Aýaz” Sözüniň içinden çykanlar

Şahyryň bu şygrynda ulanan “işiksiz jaý”, “tüýnüksiz jaý” ýaly göçme manyly durnukly aňlatmalaryň esasynda bolsa “gabyr” düşünjesi ýatýar.

Şahyr öz şygryny şeýle setirler bilen tamamlaýar: “Kyýamatda dogry ýoluň, syrat köpri bolajakdyr.

A11:ALAN ÝAGŞYDYR

Goşgy 5 bent, 20 setirden ybaratdyr. Baş temasy ýaşaýyş, durmuş bilen baglanyşykly bolup, goşgynyň özenine ynsan oglunyň ýaşaýşy, adamkärçilik häsiýetleri, durmuşy, ynanjy bilen baglanyşykly meseleler siňdirilipdir.

At bilen abraý almaklyga” aýratyn ünsi çekýän şahyr özüniň bu şygryna halk arasynda ýörgünli bolan rowaýatlardan alnan nusgalaryň hem käbirini siňdiripdir. Oňa “gulatynyň saýasy bilen bürgüt penjesi”, “namart köprüsi”, “namart we ýoldaşy” ýaly durnukly aňlatmalaryň aslynda ýatýan gürrüňleri mysal hökmünde görkezmek bolar.

Şahyr şygrynda türkmençilikdäki umumy düzgün hökmünde köpçülik tarapyndan kabul edilen däp-dessurlara-da ünsi çekýär. Olaryň käbir nusgalary:

Ýashana ýerinde gülmek ýaraşmaz.”

Toýuň meýlesinde gülen ýagşydyr.”

A12:ALAR BOLDUŇ

Goşgy 4 bent, 16 setirden ybaratdyr. Filosofik esasda beýan edilýän bu goşgynyň baş temasy bu dünýädir, başgaça aýdylanda, pelekdir.

Ynsanyň boýnuna hemişe ölüm bilen aýralygyň agyr ýüküni bilelikde ýükleýän pelekden öňi bilen, “Pelek, pelek, neýleý, pelek!” diýýän şahyryň özi närazydyr. Muňa şahyryň şu setirlerinden hem anyk göz ýetirmek mümkindir: “Gözde nurum alar bolduň, ança janlar eýläp heläk, zyndanyňa salar bolduň.

Şygyrda pelege berlen şahyrana häsiýetnama şeýledir, ol bir baryp ýatan bir zalymdyr, ol bir janalgyçdyr, onuň eli hemişe hanjarlydyr, ol bir oda ýakyjydyr, janyňy ýakar, bagryňy köýdürer.

“Pelege ýesir düşen” şahyr öz şygryny şeýle setirler bilen tamamlaýar: “Magtymguly, ýesir guşuň, zyndandan galdyrmaz başyn, pelek urupdyr gardaşyn, gahar eýläp geler bolduň.”

   A13:ALLAH SEN

Bu şygyr gurluşy taýyndan 7 bent, 28 setirden ybaratdyr. Baş temasy Alla bilen baglanyşykly bolup, onuň esasy şahamçasyna dini ynançlar we yslam dini bilen baglanyşykly düşünjeler degişlidir.

Şygyrda diňe beýik Biribara mahsus bolan aýratynlyklardan şular görkezilýär:

-tutuş älem-jahany ýaradan, janly-jandary ýokdan bar eden: “Kun” lefziden älemni mewjud etgen”;

-Ezraýyly ynsanlar üçin döreden: “Ezraýylny bendäge nisbet etgen”;

-bagyşlaýyjy, habyp hem-de tejribeli tebip: “Afuw eýlärge laýyk sen, hem tebibi – hazyk sen”;

-magşar güni howpdan-hatardan goraýan: “pakyrlara magşarda nurbat etgen”.

Barçany ýaradan Alladyr diýen düşünjä eýeren hem-de sopuçylyk ylmynda öňe sürülýän dini düşünjeler bilen mäkäm syntgysyny ýetiren şahyr şygryny şeýle setirler bilen jemleýär: “Magtymguly bimara, Gulam bolmuş biçäre, Ýüz müň meniň dek zara, Mürewwet etgen Allah sen”.

(Dowamy bar)

Magtymguly : Adamzat, Aglaşmak bardyr we Ahyrzaman geler

Çagalar üçin sözlük: Suratly Sözlük-Makul Sözlük