Magtymguly : Adamzat, Aglaşmak bardyr we Ahyrzaman geler

“Magtymguly, Sözüm Gysga, Şerhı Köp” atly makalamyza dowam edýäris.

A4

ADAMZAT

Goşgy 5 bent, 20 setirden ybaratdyr. Baş temasy şygryň adyndan hem belli bolşy ýaly, adamzatdyr. Başgaça aýdylanda, goşgynyň özenine ynsan oglunyň ýaşaýşy, durmuşy, ynanjy bilen baglanyşykly meseleler siňdirilipdir.

Bilnişi ýaly, pikirlenme adamzada berlen iň uly artykmaçlyklardan biridir. Muňa şahyryň “Akyl et jahanyň rahyn, röwüşin”, “Ýatsa-tursa hyýalyndan çykarmaz, Kaýsy işe maýyl bolsa adamzat” diýen setirlerinden hem göz ýetirmek mümkindir.

Dini ynançdan söz açýan setirlerinde şahyr “günä”, “maglum güni”, “kyýamat güni”, “ruz-i jeza” ýaly düşünjeler ünsi çekip, umumy adamzada günä işlerden saklanmagy maslahat berýär.

Her kişi kim, söz manyga düşmändir, bir dertlidir, aňa derman duşmandyr” diýen setirlerinde dil biliminiň sözüň manysyny öwrenýän ýörite bölümi bolan semasiologiýa ünsi çekýän şahyr söze, söz manysyna düşünmeýänleri dermany duşmadyk dertlä meňzedipdir.

Türkmen danalarynyň garaýşyna görä, adamzadyň “akyl käsesiniň” dolmagy üçin kyrk ýaş bir çen hasaplanylýar. Şeýle filosofik garaýşy akyldar şahyr özüniň “Jahyllykda geçen işler geň görner, Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat”, “Magtymguly, ýagşy görerdi işin, Kyrkyndan soň jahyl bolsa adamzat” diýen setirlerinde-de ýaňzydypdyr.

A5

AGLAŞMAK BARDYR

Bu şygyr gurluşy taýyndan 7 bent, 28 setirden ybaratdyr. Baş temasy ýaşaýyş, durmuş bilen baglanyşykly bolup, onuň esasy şahamçasyna dini ynançlar, bu dünýä hem-de o dünýä bilen baglanyşykly döwrüň sopuçylyk ylmynda öňe sürülýän dini düşünjeler degişlidir. Başgaça aýdylanda, bu dünýäden o dünýä geçmek üçin adamzatdan talap edilýän dini hasabaty beýan etmekligi göz öňünde tutan şahyr bu meseläni öz içki dünýäsiniň köňül köşgünde geçiren geňeşiniň gün tertibinde goýup, onuň netijesini hem öz okyjylary bilen paýlaşýar.

Şygyrda ösen “ajal ýeli” ölüm habarydyr, soňra seni iliň-günüň baky ýurda gondurarlar, mundan soňky halyňy hakdan başga hiç kim bilmez.

Ýekeme-ýeke we inçeden-inçe hasabat başlanar, soraga çekme işinden soňra bu dünýä gelip eden amallaryň bary bir gözüne “haýyr”, beýlekisine bolsa “şer” işler goýlup, ynsanyň adamkärçiligi ölçenilýän “mizan terezisine salnyp”, oňat seljeriler.

Soňra “müň ýyllyk ýola” gadam goýmaly bolan adam “gyldan inçe, gylyçdan ýiti” çarkandakly we howply ýoly aşmaly, “syrat güzerinden” geçmeli.

Sopuçylyk ylmynda öňe sürülýän dini düşünjeler bilen mäkäm syntgysy ýetirilen şygyrdaky netijäni özüne öwrüp, “Magtymguly, şol howplardan ötdüňmi? Iman tapyp, myradyňa ýetdiňmi? Ýa-ha jennet içre mekan tutduňmy?”diýen ritoriki soraglary şahyr ýene öz öňünde goýmak bilen jemleýär.

Okap bilersiňiz  Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

A6

AHYRZAMAN GELER

Goşgy 6 bent, 24 setirden ybaratdyr. Baş temasy goşgynyň adyndan hem belli bolşy ýaly, ahyrzamandyr. Onuň şahamçasyna yslam bilen baglanyşykly düşünjeler we dini ynançlar girizilipdir.

Şonuň üçin dini düşünjelere degişli eneçeme durnukly aňlatmalar alnyp, şygyrda olaryň manysy dürli öwüşginler bilen görkezilipdir.

Şygyrda duşýan “Muhammet ymmaty” durnukly aňlatmasy Muhammet pygambere uýýan musulmanlaryň jemi manysyndadyr.

Kap dagyndan aşyp gelen Deçjal” durnukly aňlatmasyndaky “Kap dagy” mifiki dagyň adydyr, “Deçjal” bolsa dini düşünjelere görä, ahyrzamanyň alamaty hökmünde şol dagdan aşyp geljek zyýanly mahlukdyr.

Goşgudaky “pulsyratdan geçmek” durnukly aňlatmasynyň manysy dini düşünjelere görä, kyýamatda adamlaryň geçmeli köprüsidir, güzeridir.

A7

AHYRZAMANA

Goşgy 15 bent, 60 setirden ybaratdyr. Baş temasy şygryň adyndan hem belli bolşy ýaly, ahyrzamanadyr. Esasy temanyň şahamçasyna yslam bilen baglanyşykly düşünjeler we dini ynançlar degişlidir.

Köňlüm aýdar, dostlar, eýläýin beýan” diýen setirler bilen başlaýan şygrynda şahyr esasy tema degişli meseleleri turuwbaşda özüniň içki dünýäsi bilen oňat geňeşip, ondan gelip çykýan netijäni, ýagny öz köňlüniň beýanyny “dostlary” – okyjylar köpçüligi bilen paýlaşýar.

Magtymguly şygyrlarynyň ençemesinde sopuçylyk boýunça tankydy garaýyşlary batyrgaýlyk bilen öňe sürüpdir. Şol tankydy bellikleriň käbirine onuň bu goşgusynda-da duş gelmek bolýar.

Şahyryň bu goşgusyndaky tankydy garaýyş nusgalaryna:

mollalar üçin: “Mollalar ylmyna etmedi amal”;

müftüler üçin: “Müftüler mal alyp, rowaýat berer, nähak pulny alar, hakny köýdürer”;

reýis üçin: “Reýis bolan paýekiden pul alar, bermese, boýnyga gyl arkan salar”;

işanlar üçin: “Işanlary yrýa eder namazyn, gaflatda ötürer gyş bilen ýazyn, ýalan sözläp, ilden alar nyýazyn”;

sopular üçin: “Sopular nebs üçin mele don geýip, şübheli tagamny halal diýp iýip, şeýtan pygly birlen keramat diýip”;

şyhlar üçin: “Şyh bolanlar nezr üstünde uruşyp, bir pul üçin zen, perzende sögüşip”;

hojalar üçin: “Hojalar fahr eder asly zatyny, Kyýam Ysameddin goýup adyny”;

kethudalar üçin: “Kethuda bolanlar dogry sözlemez, para alar, läkin hakny gözlemez, nähak güwä bolar, dawa düzlemez”;

baýlar üçin: “Baýlarda galmady haýry-sawawat”, “Baýlar zekat bermeý, bolupdyr süythor”;

diýen setirlerinden hem anyk göz ýetirmek bolýar.

Günäler köp bolup, egsildi sogap, gorkar men, bu jahan bolmagaý harap” diýýän şahyr goşgusynyň soňuny şeýle jemleýär:

Magtymguly, munça kylmak hekaýat, akyllara şaýed, bolgaý kipaýat, dünýäniň işine ýokdur nihaýat, bilmenem, ýakynmy ahyrzamana”.

(Dowamy bar)