28/01/2021 9:55
Home TESWIRLER “Magtymguly, Sözüm Gysga, Şerhı Köp”
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

“Magtymguly, Sözüm Gysga, Şerhı Köp”

Mowzuklaryň Düşünje Düwünçegı-1

Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymgulynyň şygyrlaryny içgin öwrenmek hem-de onuň bize galdyran milli mirasyny doly hasaba almak maksady bilen 2014-nji ýylda Türkiýedäki magtymgulyşynaslar toparynyň ylmy geňeşdary Prof. Dr. Abdyrahman Güzeliň ýolbaşçylygynda Magtymgulynyň miras sözlüginiň düzülmegi göz öňünde tutulypdy. Akyldar şahyryň miras sözlügi jemi 15 jiltden ybarat bolmaly diýlip meýilleşdirilipdi. Gürrüňi edilýän şol sözlügiň bir jildi-de Mowzuklar sözlügidi.

Miras sözlüginiň bu bölüminde bütin şygyrlaryň atlary we mowzuklary içgin öwrenilmelidi hem-de olar hakynda gysgaça düşündiriş berilmelidi. Henize çenli türkmen we beýleki dillerde görülmedik bu sözlügiň maksady şahyryň şygyr diwanyndaky goşgy mowzuklaryny we olaryň many-mazmunyny okyjylara gysgaça görnüşde beýan etmekden ybaratdyr. Mysal üçin, şahyryň “A” harpy bilen atlandyrylan jemi 46 sany goşgusy hasaba alyndy. Soňra olaryň mowzuklary hakynda gusgajyk düşündiriş berildi. Munuň gysgajyk nusgasyny “Atavatan-Türkmenistan” žurnalynyň okyjylar köpçüligi bilen paýlaşmaklygy ýerlikli hassapladyk.

Berdi Saryýew,

Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy.

A1

ABAT GALSYN

Goşgy 5 bent, 20 setirden ybaratdyr. Baş temasy ýaşaýyş, durmuş bilen baglanyşykly bolup, onuň şahamçalaryna dini ynanç, edim-gylym, däp-dessur, ýagşylyk etmek, ýamanlygy taşlamak, ýagşy söze, öwüt-nesihata gulak asmak ýaly birnäçe meseleler girýär.

Okap bilersiňiz  Dünýäniň iň uly gül bagy

Şahyr şygrynyň başyny “säher tur, hudaýa ýalbar, yslam öýüň abat galsyn” diýip, musulmançylyk ýoluna çagyryş bilen başlaýar. Goşgudaky “hudaýa ýalbarmak” (“Hakdan dilemek”) ybadat etmek manysyndadyr, “yslam öýi” bolsa musulmanlaryň iki dünýäde-de sygynýan ýeridir.

Şygryň “ýamany goý, ýagşa ýol, şeýtan işi bibat bolsun” diýen setirlerinde bolsa ýaramaz endiklerden saplanmak we ilhalar gylyk-häsiýete eýe bolmaklyk ýaly talaplar örboýuna galýar. Yslam ynanjyna görä, işe şeýtanyň garyşmagy asla halanylmaýar. Şonuň üçin şahyr “yslamyň abat öýüniň” garşysynda “şeýtanyň bibat işini” goýýar.

Okap bilersiňiz  Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Şahyryň setirlerindäki “ýagşy söze gulak salmak”, “ýagşylardan alkyş almak”, “ýagşy at galmak” ýaly durnukly aňlatmalar bolsa adamzada mahsus bolan ilhalar häsiýetleriň nusgasy hökmünde görkezilýär.

Şygyrda ýaramaz häsiýetden hem söz açylyp, onuň iki nusgasy berilýär. Biri “başa mähnet” hasaplanylýan “pis hatyndyr”.

Beýlekisi bolsa şahyryň bu şygrynda iki garaýşy öňe sürýän “ogul” düşünjesidir.  Ogul baradaky oňyn garaýşyň nusgasy şeýledir: “Ýigide ogul döwletdir, mal galynça, zürýat galsyn!” Setirden hem belli bolşy ýaly, ogul – döwletliligiň simwolydyr. Şahyryň “Pis oguldan ýagşyrakdyr, Pyragy, ýagşy at galsyn!” diýen setiri bolsa ogul hakyndaky tersin garaýşyň nusgasy “pis oguldyr”.

Okap bilersiňiz  „Jeňnama” poemasy : Tekeleriň uruş kyssa kitaby

A2

ABDYLLA

8 bent, 40 setirden ybarat bolan bu şygryň esasy temasy şahyryň agasy Abdylla bagyşlanýar. Aýralyk, hijran, maşgaladaky gynanç duýgulary bolsa baş temanyň şahamçalarydyr. Maşgalada uly tragediýany emele getiren agasy Abdyllanyň dokuz ýyllyk aýralygy ömürboýy ajy aýralygyň keşgini lükgeligi bilen çeken şahyra gaty agyr degýär. Ol özüniň aýralyk “arzyny daga aýdýar”, bu barada “jandar baryna ýüz tutýar”. Emma bularyň bary peýdasyz, Owganystana giden agasyndan habar-hatyr ýok.

Hijran özüniň bary güýji bilen hüjüm edýär. Ol (hiran) ot bolup maşgalanyň üstüne dökülýär. Üstüne sepilen “hijran ody” sebäpli, şahyryň özüniň kuwwaty gidip, dyzy epilýär; gan aglaýan atasynyň bili bükülýär.

Hijran şahyryň garşysyna dar agajy bolup çykýar. Biçäre aýal-gyzlaryň, naçarlaryň zaryna dözmeýän şahyr bu gezek özüni “hijran daryna rowa görýär”.

XVIII asyrda doganlyk hakynda “Doganyň dogana bahasy ýokdur” diýen türkmen milli garaýşyny öňe süren akyldar dogany Abdyllanyň aýralygyny şeýle setirler bilen jemleýär: “Gülüp-oýnamadyk bile şat bolup, Başdan gitdiň, bütin bizden ýat bolup, Magtymguly zar aglaýyr mat bolup, Kaýda watan tutduň, gardaş Abdylla?”

Okap bilersiňiz  Öz gadyrymyz bileliň

Dowamy bar….

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Akpamygyň Bitarap Hereketleri we Özbaşdak Edýän Aladalary
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Hazar” konsorsiumy bäsleşik yglan etdi

“Türkmen milli nebtigaz kompaniýasy” (NaPeCo) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden we “Mitro International Limited” kompaniýasyndan ybarat bolan “Hazar” konsorsiumy şu aşakdaky arza esasynda bäsleşik yglan...

Tokio oýunlarynyň ykbaly nähili bolar?

Dünýäde koronawirus keseliniň güýjemegi sebäpli, Ýaponiýa döwletiniň ýaşaýjylary “Halkara Olimpiýa oýunlaryny” geçirmek babatynda özleriniň garşylygyny bildirdiler. Ýaponiýanyň “Asahi Şimbun” neşiri ýanwar aýynda geçiren jemgyýetçilik...

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “Dostluk” gazandy

Hazardaky iri «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gol çekilen ylalaşyk türk we azerbaýjan metbugatynda giňden orun aldy. 20-nji ýanwar Türkmenistan...

Seljuk döwrüniň nagyşlarynyň halkara bäsleşigi

Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri - Alaaddin Keykubat uniwersiteti we Ýakyn Gündogar uniwersiteti, Alanýanyň basylyp almagyň 800 ýyllygy mynasybetli “Seljuk döwrüniň keramiki plitalar” atly halkara...