SPORT

Kawani “Barselona” geçmekçi ýöne…

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Edinson Kawani Ispaniýanyň “Barselona” toparyna geçmegi meýilleşdirýär. Futbolçy bilen ispan toparynyň arasynda özara ylalaşyk gazanyldy.

Mälim bolşy ýaly, “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Edinson Kawani Kristiano Ronaldonyň topara goşulandan soňra kän futbol meýdançasyna çykanok. Ispan topary hem uly ynam bilen hataryna goşan Serhio Agueronyň saglyk ýagdaýy sebäpli futbol bilen hoşlaşmagy bilen Kawani bilen gyzyklanyp başlady.

Kawani bilen ispan topary 1,5 ýyllyk şertnama baglaşmakçy. Ýöne Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary Kawanini ispan toparyna satmagy göz öňünde tutmaýar.

34 ýaşly Kawani täze ýylyň ýanwar aýyndan ispan toparyna geçmegi göz öňünde tutup, häzirki topary bilen şertnamasyny bes etmegi meýilleşdirýär.

Kawani 2020-nji ýylyň tomsunda “Mançester Ýunaýted” toparyna geçipdi. Ol Angliýanyň çempionatynda täze möwsümde 5 duşuşykda 1 gezek tapawutlandy. Kawaniniň şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanýar.

6 aýdan soňra tälimçisini wezipeden boşatdy

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy