TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Jemgyýetde ýaş alymlaryň orny

Türkmenistanda ylym-bilim gurşawynda we jemgyýetde ýaş alymlaryň tutýan orny berkidilýär.Ýurtda ylmy ösdürmegiň, ýaşlary goldamagyň we milli kanunçylygyň ýörelgelerine laýyklykda ýaş alymlaryň täze nesli ýetişýär.

Şonuň üçin hem 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda Ylymlar Akademiýasy bilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlar Merkezi döredildi. Onuň garamagynda bolsa ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda jemi 50 töweregi ýaş alymlar merkezleri açyldy.

Häzirki wagtda hem Türkmenistanly ýaşlary ylma çekmek, ylym bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen döwlet derejesindäki çärelere, ylmy işler boýunça bäsleşiklere giň gerim berilýär. Birnäçe ýyllardan bäri bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna esaslanmak arkaly her ýylyň ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik guralýar. Onda ylmyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda talyp ýaşlar we ýaş alymlar öz ylmy çemeleşmelerini, taslamalaryny, ylmy gözlegleriniň, ylmy-barlaglarynyň netijelerini ykrar etmäge mümkinçilik alýarlar. Şu bäsleşik esasynda her ýylda onlarça ýaş alymlar ýeňiji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda sylaglanylýar, olaryň ylmy işleri boýunça Ýaş  alymlaryň ylmy gadamlary atly kitapça neşir edilýär.

Mundan başga-da ýaş alymlaryň ylmy-barlaglaryny we alyp barýan ylmy işlerini goldamak boýunça Ýaş alymlar gaznasyndan serişdeler berilýär, olara ylmy derejeli hünärmenler, ylymlaryň kandidatlary, ylymlaryň doktorlary, professorlar ylmy ýolbaşçylyk edýärler. Degişlilikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezinde we beýleki ylmy institutlarda ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilikler döredilýär.

Ýaş alymlaryň alyp barýan işleri, döredijilikli taslamalary boýunça ylmy monografiýalar, kitapçalar neşir edilýär. Sosial torlarda we metbugat serişdelerinde, tele we radio ýaýlymlarda olaryň täzelikleri, öňe sürýän ylmy pikirleri, açyşlary we oňyn netije berjek taslamalary paýlaşylýar, mahabatlandyrylýar we wagyz edilýär.

Ýeri gelende bellesek, ýaş alymlaryň ylmy gadamlaryny açyp görkezmek maksady bilen her ýylda guralýan ýöriteleşdirilen sergide olara syn berilýär. Şeýle hem ýaş alymlaryň taslamalary döwletimiziň ykdydasyýetiniň dürli ugurlarynda durmuşa geçirilýär. Olaryň birnäçesi halkara derejeli bäsleşiklere hem gatnaşyp barýakly orunlary eýelemgiň hötdesinden geldiler.

Soňky döwürde bolsa ýaşlaryň taýýarlan ylmy taslama işleriniň arasynda beýleki ulgamlar bilen birlikde sanly ulgama degişli taslamalara gyzyklanma has hem artýar. Onda eloktron hasaba alyş ulgamy, web sahypalar we nagt däl tölegleri geçirmäge bagyşlanan taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanda ylmyň we tehnikanyň mynasyp ösdürilmegine itergi berip, ýaşlaryň has işjeň oýlap tapyşlary ýerine ýetirmeklerine şert döredýär.

Aganepes Akummedow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallymy.

Aşgabat :Şäher içi Awtobus ugurlary

 

Ýene-de okaň

Ýaşlar we döwrebap bilim

Ata Watan Eserleri

Ahalteke bedewleri türkmen toýunyň bezegi

Sport we ýaşlar

Teswirle