TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda 5 müň adamlyk halkara karantin merkezi açylar

Hytaýyň günortasyndaky Guançžou şäherinde şu aýda 5 müň adama niýetlenen halkara karantin merkeziniň açyljakdygy mälim edildi. Ýerli KHBS-niň habar bermegine görä, Guançžou şäherindäki halkara karantin merkezi şu ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda ulanyşa berler.

Habarda: «Merkeziň ähli binalarynyň gurluşygy tamamlandy, indi desganyň çäkleri abadanlaşdyrylýar. Toplumyň meýdany 25 gektar bolup, ol dört zona bölünýär: A, B, C, D. Lukmançylyk merkezi 5 müň otagdan ybaratdyr» diýilýär.

Hytaýly epidemiolog Çžun Nanşan Guançžouda iri halkara karantin merkeziniň daşary ýurtly syýahatçylar we epidemiologiki howpy ýokary bolan sebitleriň ýaşaýjylary üçin niýetlenendigini aýtdy. Sebäbi karantindäki ýerli myhmanhanalaryň sanitariýa, epidemiologiki ülňülere laýyk gelmeýän ýagdaýdadygy aýdylýar. Hytaýa gelýän halkara gatnawlaryň 80-90 göterimi Guançžou şäherine gonýar.

Modada ilkinji dizaýner

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlanan halkara forum

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Belarus ugry boýunça gatnawlar

“Green Card” (Grin Kard) -2024: Senenamasy Yglan edildi

Baş Redaktor

Teswirle