BILIM

Hojalyk hasaplaşygyna geçiriljek ýokary okuw mekdepleri

Ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlendi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyzyň tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, innowasion täzelikleri girizmek we dürli tejribeleriň esasynda ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler bilim ulgamynda täze mümkinçilikleri döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.

Ýerli we halkara okuw mekdepleri: Ähli habarlar bir ýerde

 

Ýükleri daşamak işinde sanly ulgam

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýokary bilim hakyndaky diplomlary özara ykrar ederler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: emeli aň boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirer

Türkmenistanly oglanyň esaslandyran startapy- «KinesteX» 8 million ABŞ dollary möçberinde bahalandyryldy

“Sanly çözgüt—2025” atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi