Hepdelik täleýnama (5-11-aprel)

2021-nji ýylyň 5-11-nji apreli aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler garaşýar?!

Hamal (guzy 21.03-20.04)

Bu hepdäniň birinji ýarymy hamallar üçin düşümli bolar. Durmuşyňyzda boljak şowly pursatlar köpleri haýran eder. Hamallar bu hepdede özlerini alyp barmakda ozalky ýörelgelerine eýermeli we sabyr-takatly bolmaly. Hepdäniň ikinji ýarymynda hamallara gyzykly duşuşyklar garaşýar. Bu hepde abraýyňyzy galdyrmak, kärdeşleriňiz bilen dil tapyşmak üçin oňaýlydyr.

Sowur (öküzçe 21.04-20.05)

Bu hepde sowurlar üçin adaty ýagdaýda geçer. Sowurlar daş-töwereginde bolup geçýän wakalara ünsli bolmalydyrlar. Wakalaryň üýtgäp durýandygyny unutmaň. Sowurlar dynç almaga, saglyk ýagdaýlaryna üns bermelidirler. Iýýän iýmitiňize esewan ediň. Beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetiriň. Ýakynlaryňyzyň aladasyny ediň.

Jöwza (ekizekler 21.05-21.06)

Bu hepde jöwzalar üçin amatly hepdeleriň biridir. Olar işleriniň haýal gidýändiginden nägile bolmaly däldirler. Özüňizi gurşap alan salgymdan saplanyň. Käbir zatlara we adamlara bolan garaýşyňyza täzeden serediň. Ösmäge, öňe gitmäge päsgel berýän zatlary bir gyra aýryň. Ýyldyzlar bu hepde jöwzalaryň ähli başlangyçlaryny goldar.

Seretan (leňňeç 22.06-22.07)

Bu hepde ähli zat seretanlaryň meýilnamalaryna görä bolar. Seretanlaryň iş orunlarynda adaty ýagdaý dowam eder. Olar geçen döwürde ýeten derejelerini saklamaga çalyşmalydyrlar. Durmuşda bolup geçýän wakalary bolmalysy ýaly kabul etmäge çalşyň. Maliýe, pul serişdeleri babatynda seretanlaryň işleri oňuna bolar. Serişdeleri tygşytly ulanmak maslahat berilýär.

Eset (ýolbars 23.07-23.08)

Bu hepdede esetler ähli zada ýetişjek bolmaly däldirler. Eger-de olar haýsy hem bolsa bir möhüm hasaplaýan işiniň başyna barsa, üstünlik getirer. Bu hepdede dostlaryňyzyň kömegine daýanyp bilersiňiz. Durmuşyny ýaňadandan başlamak isleýän esetler üçin bolsa geljek hepde oňaýlydyr. Esetler üçin hepde bilimini artdyrmaga, hünär kämilligini ýokarlandyrmaga amatlydyr.

Sünbüle (gyz 24.08-23.09)

Bu hepdede sünbüleleriň dost-ýarlary, tanyşlary özlerine aýratyn üns bermelidirler. Olara maslahat bermek siziň köp wagtyňyzy alar. Iş-wezipe babatda bolsa bu hepdede olar «öz eken miweleriniň hasylyny ýygnar». Sünbüleler çeken zähmetiniň biderek bolmandygyna göz ýetirerler. Netijä geleniňizde aýgytly boluň. Eger-de siziň kalbyňyz rahat bolsa, onda işleriňiz şowly bolar.

Okap bilersiňiz  Global ykdysadyýet ösýär

Mizan (terezi 24.09-23.10)

Bu hepde mizanlar üçin şowly bolar. Öz zehiniňizi, duýgularyňyzy görkezmekden çekinmäň. Bu döwür töwekgelçilik edip, özüňizi täze işde synamagyň wagtydyr. Mizanlar maliýe meselesi bilen bagly esasy işlerini hepdäniň başyna geçirseler şowly bolar. Bu döwür maýa goýumlaryny goýmak, gymmat bahaly harytlary satyn almak ýaly işler üçin amatlydyr

Akrap (içýan 24.10-22.11)

Hepdäniň başynda käbir dartgynlylyga garamazdan, akraplar ruhubelentligini saklamalydyrlar. Olar töwekgelçilikli işlerden daşda durmalydyrlar. Täze işe başlaman, ozalky işiňizi dowam ediň. Siziň özboluşly başlangyçlaryňyz üstünlik getirer. Bu hepde akraplar göwünlerini giň tutmalydyrlar. Sport bilen meşgullanmak akraplaryň göwnüni göterer.

Kowus (keman 23.11-21.12)

Bu hepde kowuslar her bir bolup geçýän wakalara ünsli bolmalydyrlar. Täze meýilnamalary, taslamalary düzeniňizde resminamalaryň sözlerini dogry we doly öwreniň. Käbir ýüze çykýan meseleleri ozaldan işläp gelýän tejribeli işgärleriňiz bilen maslahatlaşyň. Bu hepdede kowuslaryň maddy-maliýe ýagdaýy örän gowy bolar. Gazanjyňyzyň gowy wagty geljek üçin biraz pul tygşytlamagy unutmaň.

Jedi (owlak 22.12-20.01)

Bu hepdede jediler akyl-paýhasly hereket ederler. Işiňizde, öýüňizde dartgynly ýagdaýlar ýüze çyksa siz ýagdaýy durnuklaşdyryp bilersiňiz. Hepdäniň dowamynda nähili wakalar bolup geçse-de, jediler özlerine bolan ynamy we ruhubelentligini ýitirmezler. Bu hepdede ýyldyzlar jedilere durmuşlarynda düýpli özgerişlikleri geçirmegi maslahat berýärler.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Hepdäniň başy daluwlar üçin wakalara baý bolar. Bu hepde duýgularyňyza erk etmeli bolarsyňyz. Hepdäniň ikinji ýarymy olar üçin tolgundyryjy ýagdaýda geçer. Maddy-üpjünçilik babatda bu hepde has şowludyr. Ýyldyzlar daluwlara gözel ýerlerde maşgalasy bilen dynç almagy maslahat berýärler. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglygyňyzy berkidiň.

Hut (balyk 21.02-20.03)

Bu hepde hutlar üçin düşümli bolar. Rahatlanyň, özüňizi ele almagyň wagty geldi. Eger siz dostuňyzyň göwnüne degen bolsaňyz, onda onuň ugruny tapmagyň ýoluny gözläň. Bu hepdede iş, hünär babatda hutlara geljekde girdeji getirjek bähbitli geleşikleri baglaşmaga, täze taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilikler dörär. Maliýe-üpjünçilik ýagdaýyňyz durnukly bolar.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Ja­ny­ňyz sag, iş­le­ri­ňiz ug­ru­na bol­sun!

 

Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi Astrahana eltildi