TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi Astrahana eltildi

Türkmenistanyň dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna iberen ynsanperwerlik ýüki eltildi. Bu barada Astrahanyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Türkmenistandan iberilen ýükler Astrahanyň portuna gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky  Baş konsuly (Astrahan şäheri) Güýç Garaýew bu barada beren beýanatynda, ynsanperwer ýüküniň düzüminiň ýerli önümçilik harytlaryndan ybaratdygyny, munuň dostluk we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

– Gelip gowşan harytlar koronawirus ýokanjyna garşy göreş alyp barýan saglygy goraýyş edaralaryna iberiler – diýip, sebitiň saglygy goraýyş ministri Alekseý Spirin belläp geçdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň hemişe Astrahan welaýatynyň ygtybarly hyzmatdaşy bolandygyny, ähli ugurlar boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edilýändigi, golaýda Moskwa şäherinde bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meýilnamasynyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylary bilen ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Bu ynsanperwer ýüki Türkmenistanyň Hökümetiniň rus tarapynda iberen dostluk goldawy bolup durýar.

Şeýle hem golaýda Türkmenistan bilen Russiýanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Russiýanyň Raýat goranyş, adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek ministrligi tarapyndan hem Türkmenistana ynsanperwer ýüki getirilipdi.

Ibragimowiç ýene-de bir ýyl “Milanda”

Ýene-de okaň

Awazada sammit: Azerbaýjan, Türkiýe we Türkmenistan

Baş Redaktor

Türkmenistanda Halkara habarlar merkezi dörediler

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryny gutlady

Teswirle