SPORT

Ibragimowiç ýene-de bir ýyl “Milanda”

Şwesiýaly hüjümçi Zlatan Ibragimowiç Italiýanyň “Milan” toparynyň düzüminde ýene-de bir ýyl ýa-da bir möwsüm çykyş eder. Bu babatda degişli ylalaşygyň gazanylandygy mälim edildi. futbolçynyň tamamlanan şertnamasynyň möhletini ýene-de bir ýyl uzaltmak kararyna gelindi.

39 ýaşly futbolçy häzirki çykyş edýän topary bilen ýene bir möwsüm hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdy. “Tuttomercatoweb” neşiriniň habaryna görä, ýakyn wagta topar bilen futbolçynyň arasynda täze ylalaşygyň baglaşyljakdygy mälim edildi. Häzirki wagtda topar we futbolçynyň wekilleri şertnamanyň şertleri we goşmaça tölegler babatda gepleşikler alyp barýarlar.

Mälim bolşy ýaly, Ibragimowiç 2020-nji ýylyň ýanwaryndan bäri “Milanyň” düzüminde çykyş edýär. Ol bu toparyň düzüminde ikinji döwrüni başdan geçiýär. Ozal, 2010-2012-nji ýyllarda Ibragimowiç bu toparda çykyş edipdi.

Häzirki möwsümde şwed futolçysy 16 duşuşykda oýnap, 15 gezek tapawutlandy.

Erling Holandyň “Barselona” transferi

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar