Hepdede baýlyk elli sorag

Bir gezek derýanyň aňyrsyndan we tutuş etrapça girip, haýsydyr bir gapynyň açyljakdygyna göz aýlady. Giň penjireler we alamatlar hakda pikirlenip otyrka, özüne seredip, aýlyk gözleýänine düşünüp başlady. Ol beýle zady hiç haçan etmedi sebäbi batyrlygy ýokdy. Bir wezipe üçin içalyçylyk edilende tutulan belli bir utançdan gaça durmak üçin ädimlerini çaltlaşdyrdy hem-de bir işde adaty hasaplaýan biperwaýlyk duýgusyny kabul etdi. Şeýdip, köp önümçilik we tutuş jaýlardan göz aýlaman geçdi. Ahyrynda birnäçe pyýada ýöräninden soň, munuň bolmajakdygyny duýdy we tizligini birneme haýallatman, näme üçindir ünsüni özüne çeken beýik gapyny gördi. Kiçijik bürünç belgisi bilen bezelen, altyn ýa-da ýedi gatly ullakan girelge ýalydy. “Belki-de, kimdir birini isläp bilerler-ä” diýip, içeri girdi. Islenýän maksadyň bir aýagyndan geçenden soň, penjireden çal penjekli bir ýigidi gördi. Aladasy bilen baglanyşygynyň bardygyny aýdyp bilmedi, ýöne özüne tarap ejizleýän ýüregi  bilen seredilýändigini duýup, ýalňyşdy we howlukmaçlyk bilen girmäge utandy.Ýolda Tupan we Şa diýilip atlandyrylýan ajaýyp alty gatly gurluş durandygyna umytly gözleri bilen seredip galdy. Gury önümleriň tutuş satuwyny işleýänler zenanlardy. Olaryň häzir ýokarky gatlarda hereket edýändigini gördi. Bu  ýere näme bolsa hem girmegi ýüregine düwdi. Ol geçip göni girelgä tarap ýöräp gitdi, we iki sany adam gapa tarap çykyp gelýärkä durdylar. Gök reňkli telegraf habarçysy onuň öňünden geçip, girelgä alyp barýan we ýitirim bolan birnäçe basgançaklardan ýokary galdy. Pyýada ýörelgelerini dolduran mähelläniň içinden birnäçe pyýada ikirjiňlenip durdy. Daş- töweregine ejiz seredip, soň bolsa özüni synlap yza çekildi. Bu gaty kyn işdi. Kerri olaryň ýanyndan geçip bilmedi.

Şunuň ýaly agyr ýeňliş nerwisini gynaýardy. Aýaklary ony mehaniki taýdan öňe iterýärdi, ösüşüniň her aýagy şatlyk bilen amala aşyran uçuşunyň kanagatlanarly bölegi boldy. Dürli köçeleriň burçlarynda çyralarda Madison, Monroe, La Salle, Klark, eziz doglan ştat diýilip okalýardy we henizem gidip barýarka, aýaklary giň daş baýdakdan ýadap başlady. Köçeleriň ýagty we arassalygyna begendi. Säheriň güneşi, yzygiderli artýan ýylylyk bilen şöhle saçyp, köçeleriň kölegeli tarapyny ýakymly sowatdy. Ol özüne mahsusdygyna göz ýetirip, mawy asmana tarap seretdi.

Onuň gorkaklygy ösmegine birneme kynçylyk döredýärdi. Ol Tupan we Şa kompaniýasyna işlemek üçin girmäge karar berdi. Ýol bilen barýarka uly köwüş firmasyna gabat geldi. Giň plastinka penjirelerinden aýazly aýna bilen gizlenen ýapyk ýerine ýetiriji bölümi gördi. Bu girelgesiz bolsa-da köçäniň girelgesinde çal saçly jenap kiçijik stoluň başynda, onuň öňünde-de uly açyk ýazgy bardy. Ol birnäçe gezek ikirjiňlenip, bu edaranyň ýanyndan ýöredi. Emma özüni gözegçiliksiz duýup ekranyň gapysynda ýykyldy we sabyrsyzlyk bilen garaşdy.

-“Bolýar, ýaş zenan”- diýip, garry jenap birneme mylakatly seretdi-de, “ näme isleýärsiňiz?”

Men diýjek  bolýanym, neme size birneme kömek gerekmi?’’- diýip ol aýtdy.

Diňe şu wagt däl” – diýip , ýylgyryp jogap berdi.  Diňe şu wagt däl indiki hepde gelip görüň. Bize käteler kimdir birileri geregem bolaýýar- diýdi.

Ol jogabyny sessizlik bilen aldy-da, özüni oňaýsyz duýup yza çekildi. Kabul edişiniň ýakymly tebigy haly ony has geň galdyrdy. Has kyn boljakdygyny, nämedigini bilmese-de, gödek bir zatlaryň diýilmegine garaşýardy.

Utanmazdan özüniň betbagt ýagdaýy- ýüzünde gözükýän ýaly duýdy.

Birneme höweslenip, başga bir uly gurluşa geçdi. Bu egin-eşik kärhanasydy we has köp adam munuň subutnamasydy,kyrk we ondan köp adamlar bürünç panellerden gurşalan gowy geýnüwli adamlar bardy.

Onuň ýanyna ofis oglanjygy geldi.

“Siz kimi görmek isleýärsiňiz?”- diýip ol sorady.

“Men siziň dolandyryjyňyzy görüp bilerinmi?” diýip soranda, ol ylgap baryp, bilelikde gürleşýän üç sany adam topar bilen gürleşip durdylar. Bulardan biri oňa tarap ýöneldi.

“Bolýarmy?” diýip, sowukganly sorady. Salam birbada ondan ähli batyrlygy aldy.

“Size kömek gerekmi?”-diýip ol dymdy.

Ýok, ýok- diýip, birbada jogap berdi-de, dabanyna öwrüldi. Samsyklyk bilen daşary çykdy, ofis oglanjygy oňa gapyny açyp berdi-de märekäniň içine girip gitdi. Bu onuň göwnünden turan akyl ýagdaýyna agyr päsgelçilik boldy.

Indi ol ep-esli höwessiz ýöräp, şo ýere öwrülip, yzly-yzyna beýik kompaniýany görüp gidýärdi, ýöne ýekeje derňewini yzarlamak üçin batyrlyk tapmady. Günortanlyk açlyk bilen geldi. Özüne çeken gowy restoranlaryň birine girdi, ýöne gapjygynyň ululygynda bolan bahalary görüp biynjalyk boldy. Bir tabak çorba onuň elinde bar zatdy we muny çalt iýdi-de daşary çykdy. Bu ony birneme dikeltdi we gözlegi dowam etdirmek üçin ortaça batyrgaýlyk etdi.

Mümkin bolan ýerleri düzetmek üçin birnäçe pyýada ýöräp, Tupan we Şa atly kompaniýasyna duş geldi we bu gezek içeri girmegi başardy. Käbir jenaplar ýakyndan gürleşýärdiler, emma oňa üns bermedi. Dik durup, ýere tolgunyp seredýärdi. Hasratynyň çägi ýetik bolansoň, ony demirýol arkaly ýakyn bolan köp stollaryň birindäki bir adamy çagyrdy.

“Siz kimi görmek isleýärsiňiz?”-diýip, sorady.

“Kim bolsa bolsyn, maňa tapawudy ýokdur, men işlemek üçin geldim”-diýip, Kerri jogap berdi.

“Hä, onda siz Jenap Mak Manusu görmäge gelen bolmaly”- diýip, arkasyna öwrülip jogap berdi.

“Geçiň,oturyň!”-diýip diwaryň ýanyndaky oturgyjy görkezdi. Ol gysga wagtyň içinde köçeden gelýänçä, arkaýyn ýazmagyny dowam etdirdi.

Stoluň başyndaky adam Jenap Mak Manusa ýüzlenip, “ýaş hanym sizi görmek isleýär, Jenap Mak Manus”-diýdi.

Gysga boýly Jenap Kerrä tarap öwrüldi-de, ýerinden turdy.

“Size näme kömek edip bilerin, hanym?”-diýip, ol bilesigelijilik bilen sorady.

“Bir wezipe alyp biljekdigimi bilmek isleýärin”-diýip, ol sorady.

“Nähili wezipe?”

“Nähili bolsa hem, tapawudy ýok”-diýdi.

“Lomaý gury önümler söwdasynda tejribäňiz barmy?”-diýip Jenap sorady.

“Ýok, Jenap”-diýdi.

“Siz stenografçymy ýa-da ýazuw maşynçy?”-diýip, ol sorady.

“Ýok, Jenap”- diýen-de, ol “biz diňe tejribeli adamlary kömege ulanýarys” diýip,ol jogap berdi.

Ol gapa tarap ädimlerini başladanynda, onuň agras näzik ýüzi özüne çekdi.

“Siz öň nirededir bir ýerde işläp görüpmidiňiz?” diýip, ol sorady.

“Ýok, Jenap”

“Ýagşy, häzir şunuň ýaly lomaý jaýda bir zat etmek size kynrak bolmagy mümkin. Dükanlary synanyşyp gördüňizmi?”

Ol synanyşmandygyny boýun aldy.

Ýagşy, eger men siziň ýeriňize bolan bolsadym,bu meselä çynlakaý seredip, dükanlara synanyşyp görerin diýdi. Köplenç, olara-da kätip bolmak üçin ýaş zenanlar gerek.

“Minnetdar”-diýip, ol özüniň tebigy dostlukly gyzyklanma bildirendigi sebäpli rahatlandy.

“Howa, siz dükanlara hem synanyşyp göräýiň”-diýip, gapynyň agzyna tarap barýarka ol belläp geçdi.

Edil şol döwürde dükanlar ilkinji gezek üstünlikli işleýärdi we kän däldi. Birleşen Ştatlaryň ilkinji üç sany dükany 1884-nji ýylda Çikagoda döredilipdi. Kerri “Gündelik habarlar” atly mahabatyň üsti bilen birnäçe tanymal adamlaryň ady bilen tanyşdy we indi işi gözläp başlady. Mak Manusyň sözleri näme üçindir onuň birneme peselen mertligini dikeltdi, we bu täze setiriň oňa birzat hödürlejekdigine umyt edipdi. Ol birneme aýlanyp-dolanyp geldi-de, binalara tötänleýin duş gelmek pikirini etdi, şol sebäpli kyn hem bolsa zerur bir kazyýet iş-ini gozgamak isleýär, hakykata göz aýlamaz ýaly öz-özüni aldamak arkaly ýeňilleşdirýär. Ahyrynda bir polisiýa işgärinden “iki blokdan” başlap , nireden “Erteki markany” tapyp boljakdygyny sorady.

Bu ägirt uly söwda birleşmesiniň tebigaty, halkymyzyň söwda täjirçilik taryhynda  ýitmejek gyzykly bölüm döreder. Şeýle gülläp ösen paýhasly söwda ýörelgesi, dünýäde hiç görlüp- eşidilmändi. Olar iň täsirli bölek satuw guramasynyň hataryndady, ýüzlerçe dükan birleşip, iň amatly we ykdysady esasda ýerleşdirildi. Olar köp sanly resmi adamy we bir topar howandarlary bilen görmegeý, şowhunly we üstünlikli işlerdi. Kerri geýim önümleriniň, kanselýariýa we şaý sepleriň ajaýyp görnüşleriniň täsirine köp adamly geçelgelerden geçdi. Her bir aýratyn hasaplaýjy ýer özüne çekiji we göz gamaşdyryjy bolup görünýärdi.  Ol her bir ownuk şaý-sepleriň özüne gymmatlydygyny duýmaga kömek edip bilmedi, emma ol şonda-da durmady. Ol ýerde ulanyp bilmeýän ,eýe bolmak islemeýän hiç zady ýokdy. Çeňňek köwüşler we joraplar, ajaýypdan näzik doňdurylan ýubkalar we zenan geýimleri, lentalar, saç daraklary, sumkalar hemmesi oňa aýratyn isleg bilen degdi we bu zatlaryň hiç biriniň hem satyn alynmajakdygyna göz ýetirdi. Ol iş gözleýän, işsiz kowulan adamdy, ortaça işgäriň bir seredişinde aýdyp boljak garyp hem ýagdaýa mätäç adamdy.

Hiç kim ony nerwili, duýgur, ýokary derejeli tebigat üçin ýalňyşyp biler öýdüp, sowuk hasaplaýyş we manysyz dünýä diýip pikir etmeli däl. Elbetde bu beýle däl. Emma zenanlar bezeglerine aýratyn duýgur bolýarlar.diňe bir Kerri aýal-gyzlar üçin täze we ýakymly zatlara bolan islegiň çekilmegini duýman , eýsem ýüregine degip, peseldilen we igenen ajaýyp aýal- gyzlara-da üns bermedi, geçmişine düýbünden äsgermedi, dükanyň içindäki bar bolan materiallara höwes bilen hasaba aldy. Kerri şäheriň has bagtly uýalarynyň daş keşbi bilen tanyş däldi. Dükan gyzlarynyň tebigatyny we daşky görnüşini öňem bilmeýärdi, a bu wagt bolsa ony has deňeşdirdi. Olar esasan owadan, käbiri has görmegeý, garaşsyz we biperwaý duýgusy bilen, has halanýan halatynda belli bir derejä eýe boldy. Egin –eşikleri arassa, köp halatlarda oňatdy we nirede biriniň gözüne düşse-dä, diňe öz ýagdaýyna, geýimindäki kemçiliklerine we asylmalydygyna ynanýan kölegesine düýpli seljermek gerekdi.  Onuň ýüreginde görüplik alawy ýanýardy. Ol şäheriň baýlygy, gözelligi aýal-gyzlar üçin her dürli bezegi näderejede pesdigini bilýärdi we ýüregi bilen geýinmegiň owadanlygyny küýseýärdi.

Ikinji gatda dolandyryş edaralary bardy, käbir gözleglerden soň indi oňa ugrukduryldy. Ol ýerde -özi ýaly dalaş edýän, emma has köp öz-özüni kanagatlandyrýanlary we şäheriň berýän garaşsyz howasy, agyryly ýagdaýy gözden geçiren gyzlary gördi.

“Häzir” diýip, penjiräniň golaýynda, stoluň başynda oturan çalt häsiýetli Jýu ýiti sesi bilen “ Siz öň başga dükanda işläp görüpmidiňiz”- diýip sorady.

“Ýok, jenap” diýip, Kerri jogap berdi.

“ Işlemediňizmi ?” diýip ol ýiti göz bilen mylaýymja sorady.

“Ýok, jenap” diýip, ol täzeden aýtdy.

“Ýagşy, biz häzir ýaş zenanlary has tejribeli görýäris. Meniň çaklamam boýunça biz sizi işledip bilmeris”

Kerri söhbetdeşligiň bes edilendigine zordan göz ýetirip bir salym garaşdy.

“Garaşmaň, biz örän meşgul” diýip ol ýüzlendi.

Kerri gapydan çaltlyk bilen çykmana başlady.

“Saklanyň, bize gyzlar wagtal-wagtal gerek bolýar. Siz adresiňizi we adyňyzy beräýiň”-diýip, ol Kerrini yzyna dolady. Haçanda ol köçä aman-sag çykanda, göz ýaşlaryny az saklap bilipdi. Bütin şol güniň akymyndaky şowsuzlygy onuň üçin adaty ýagdaý däldi. Ol ýadawdy we aljyraňly haldady.

Iňlis dilinden türkmen diline terjime eden:

Oguloraz Orsberdiýewa.

Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen

                                                           97- nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda guramaçylyk meseleleri seredildi

 

       

     

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar