TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiz mejlisde eden çykyşynda uly baýramlaryň öňýanynda toba gelen raýatlaryň günäsiniň geçilýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz olary jeza çekmekden boatmak ýaly sahawatly işleriň geçirilýändigini belläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek bilen baglanyşykly Permana gol çekdi.

Şoňa laýyklykda, hormatly Prezidentimiz iş kesilen 338 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Welaýat, etrap we beýleki ýolbaşçylara bolsa, günäsini geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyran milli Liderimiz günäsi geçilen adamlaryň bolsa zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz sentýabr aýynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli iş kesilen 2058 türkmen raýatynyň hem-de 6 sany daşary ýurtly raýatyň, jemi 2064 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekipdi.

 

Özbegistanyň Prezidenti Günorta Koreýada saparda bolar

Ýene-de okaň

Welaýatlarda gurlan awtomenziller açyldy

Raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň pasporty gowşuryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny alan raýatlarymyz

Teswirle