Geljegiň sanly tehnologiýalary

Öňki wagtlar adamlar telewizora tomaşa etmek we gazet okamakdan başga maglumat almagyň ýoluny bilmeýärdiler. Häzirki wagtda bolsa onuň görnüşleri köpelýär. Biz maglumatlaryň elýeterlilik eýýamynda ýaşaýarys. Internet arkaly maglumatlary almak örän amatly boldy. Maglumatlar  giňişliginiň keşbiniň üýtgemegine  geljegiň sanly tehnologiýalary möhüm goşant goşýar.

2020-2025-nji ýyllar bilen çäklendirilen ýakyn geljekde sanly tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyzy düýpgöter üýtgeder. Maglumat eýýamynyň başlanmagy bilen, täze çözgütler yglan edilýär. Geljegi çaklamak bilen adamlar ony meşhur modeller görnüşinde göz öňüne getirmäge synanyşýarlar. Bu ýerde, geljegiň sanly tehnologiýalarynyň hereketiniň, ugrunyň barha aýdyň ösýän  görnüşlerine seredip geçeliň.

Emeli akyl (aň)

Blokçeýn tehnologiýasy

Internet arkaly söwda

Awtomatlaşdyrma we robat tehnologiýasy

Neýro-lingwistik programmirleme(NLP)

Ýüz keşbi tanamak

Emeli akyl

Emeli akyl kompýuter ylmynyň bir bölegi bolup, awtomatlara akylly şekilde pikirlenmegi we özüni alyp barmagy öwretmek boýunça ylymdyr. Özbaşdak öwrenip bolýan programmalaryň döremegi we ösmegi bilen, emele gelýän täze  ugurlaryň hatarynda emeli akyl ösüşiň  öňdäki  hataryndadyr.

Emeli akyl häzirki we geljekki maglumatlary ýygnamak we gaýtadan işlemek ses, ýüz tanamak, el ýazgylary tanamak boýunça köp sanly gündelik işleri alyp barmaga ukyplydyr. Internetde maglumat  gözlemek, maglumatlar toplumyny seljermek, çylşyrymly modelleri görmek bularyň hemmesi emeli akyl arkaly amala aşyrylar. Ol wideo  oýunlarynda  hem giňden ulanylýar. Mysal üçin, küşt programmalarynda.

Geljekde emeli akyl garaşsyz tehnologiýa öwrülip nerw ulgamlarynyň ösmegi, mehanizm sowatlylygy, şeýle hem programmalary döretmek boýunça işleýän programmaçylaryň işleriniň has kämilleşmegi bilen tehnologiýalara erk etmekde adamyň gerek bolmagy talap edilmez. Blokçeýn tehnologiýasyGeljegiň  sanly tehnologiýalary şübhesiz blokçeýni öz içine alýar.  Öňler dürli ugurlarda täze sanly tehnologiýalaryň geriminiň giňejegi barada  maglumat ýokdy. Ýöne häzir ähli ugurlarda sanly tehnologiýalar bilen bir hatarda ýöriteleşdirilen blokçeýn taslamalary bar. Bu taslamalar kesgitleýiş ulgamlaryna, halkara söwda pudagyndaky çözgütlere, önümleri degişli toplumlara gowşurylmagyna degişlidir.Elbetde, tehnologiýalar uly meşhurlyga eýe bolýar.  2022-nji ýyla çenli has ýokary derejede ulanylmagy mümkin. Eger şeýle bolsa, 2025-nji ýylda blokçeýn ulanylyşyň iň ajaýyp üstünligini gazanar. Internet arkaly söwda.Internet arkaly söwda wagtyň geçmegi bilen kämilleşipdir. Ýagny, 1990-njy ýyllarda TCP/IP protokol  esasly ulgamy döräpdir. Täze nou-haularyň ýüze çykmagy netijesinde onlaýn dükanlara aýlanmak, önümleriň bahasyny deňeşdirmek mümkin we iň esasysy munuň üçin adamlar az wagt sarp ederler.Umuman, Internet arkaly söwda etmegiň adamlara peýdaly ýerleri kän. Häzirki wagtda Internet söwdasy has  kämilleşdi. “Trendýol”, “Markaýoly”, “100haryt.com” ýaly ýörite Internet söwdasyny amala aşyrýan programmalar döredildi.  Awtomatlaşdyrma  we robot tehnologiýasyÄhli tarapdan awtomatlaşdyrylan işler we robat tehnologiýalarynyň peýda bolmagy hem geljegiň sanly tehnologiýalarydyr. Köplenç bular önümçiligiň awtomatlaşdyrmagyna, emeli akyl önümleriň mukdarynyň hem-de hiliniň ep-esli ýokarlanmagyna degişlidir. Kem-kemden bular önümçilikden  gündelik durmuşymyza geçer. Öndürilýän önümleriň gaplanmagyndan başlap, harytlary müşderileriň gapysyna getirip bermek ýaly ähli zatlary awtomatlaşdyrmak we robat tehnologiýasynyň köpelmegi bilen 2025-nji ýyla çenli giňden kabul edilip, geljegiň iň garaşylýan tehnologiýalarynyň biri bolmagy ähtimal.  Wirtual we giňeldilen hakykatGeljekdäki AR/VR atly sanly tehnologiýalar diňe bir kompýuter oýunlarynda we häzirki zaman kinoteatrlarda däl, eýsem  harby meselelerde ulanylmagy hem göz öňünde tutulýar. Olar önümçilik we ulag pudagynda, saglygy goraýyşda  giňden ýaýrandyr. Wirtual hakykatyň kömegi bilen çylşyrymly enjamlara erk etmek, goşmaça we düşnüksiz maglumat çeşmelerini kabul etmek we meseleleri çözmegiň tizligini ýokarlandyrmak mümkindir. Bu ewolýusiýa, amatly we täsirli işlemek üçin goşmaça mümkinçilikler toplumyny döredip, kompaniýalara aýratyn AR/VR funksiýalaryny bütewi programmalar ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.    Neýro-lingwistik programmirleme         Neýro-lingwistik programirleme 30 ýyldan gowrak wagt bäri ösýär. Ýagny ol 1990-njy ýyllarda döredilýär. Ýöne “Mehanizmli Neýro-lingwistik programmirleme” birneme täze ugur. Şeýle ugurly ösüşiň wezipesi akylly enjamlaryň  adamyň özüni alyp barşyna, yşaratlaryna, ýüz keşbine we üm hereketlerine esaslanyp seljermek  ukybyny bilmekdir. Mehanizmleriň  adamyň beden diline düşünmegi, olaryň özära arabaglanşygyny saklamaga mümkinçilik berer.           Häzirki  wagta çenli mehanizmli neýro-lingwistik programmirleme, gahar ýa-da şatlyk ýaly hadysalara düşünmek bilen çäklenýär. Geljekki ýyllarda NLP gyjalatly geplemek, degişme we satira ýaly has çylşyrymly elementlere erkin düşüner. Netijede, enjamyň goşmaça duýgulara düşünmek we adam pikirlerini okamagynda  bir ädim  öňegidişlik bolar. Ýüz keşbi tanamak      Blokçeýn tehnologiýasy ýaly, bu tehnologiýa hem biziň durmuşymyza mundan birnäçe ýyl öň ornaşdy we gözegçilik ulgamlarynda giňden ulanylyp başlandy. Ýüz keşbi tanamak bilen ykjam telefonlary ulanýan ulanyjynyň öz şahsy telefonynyň goraýjy gulpy hökmünde  öz ýüzi  hereket edip, maglumatlar howpsuzlygyny ýokarlandyrýar.Ýüz keşbi tanamak geljekde giň ýaýran önüme öwrüler. Eýýam, Hytaýda bu ýol bilen dükanlarda haryt satyn alyp, jemgyýetçilik ulaglarynda syýahat üçin pul töläp bilýärler. Munda esasy mydama ýanyňyzda göterýän şahsyýetnamaňyza  derek hereket edýän öz ýüzüňiz bolup durýar. Ol bolsa elmydama ýanyňyzdadyr.    Geljekki 2025-nji ýyla çenli sanly tehnologiýalaryň giň mümkinçilige eýe bolmagy bilen ýüz keşbi tanamak tehnologiýasy arkaly jaýlaryň gulpyny, awtoulaglary açmaga mümkinçilik berer. Ösüş kompaniýalary täze çözgütleri işjeň durmuşa geçirmegi dowam edýärler. 2025-nji ýylda dünýäniň keşbinde nähili özgerişler boljagy hiç kime mälim däl. Emma häzirki ymtylyş, adaty we önümçilikli işleriň  awtomatlaşdyrylmagy, maglumatlar jemgyýetiniň täze bir görnüşine tarap hereket edýändigini görkezýär.

                                     Gunça HAMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary

 institutynyň Halkara žurnalistikasy

fakultetiniň  talyby.

 

“Ata Watan Eserleri”: baýrakly makala ýaryşy dowam edýär

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Adamlar üzümi iň datly miweleriň biri diýip hasaplaýar. Üzüm süýji we kuwwatlylygy ýokary bolan önümdir. Şonuň üçin adam bedenine oňyn täsirini ýetirýän miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm dänesiniň adam bedenindäki dürli zyýanly maddalara garşylyk berijiligine örän baýdygy anyklanyldy. Onuň düzüminde fenol kislotasy, flawonoid ýaly köp sanly birleşmeler bardyr. Şu birleşmeleriň esasynda üzüm däneleri dürli çişmeleriň, okislenmäniň we dokumalaryň bozulmalarynyň öňüni almaga...
Hormatly okyjylarymyz! “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! Mähriban okyjylar! Doglan senäňize...
Şu gün, ýagny 24-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iri syýasy-jemgyýetçilik çäre - prezident saýlawlary geçiriler. Özbegistan prezident saýlawlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek üçin taýýar - diýip, ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew habar berdi. Soňky maglumatlara görä, saýlawçylaryň ýeke-täk elektron sanawyna 19 million 859 müň 127 adam goşuldy. Saýlaw uçastoklaryň saýlawçylaryň ses bermegini guramaçylykly geçirmek üçin zerur bolan sanitar-epidemiologik we jemgyýetçilik howpsuzlyk...
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzda ýene-de bir iri energetika taslamasy ulanmaga berildi. Milli Liderimiziň gatnaşmagynda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga tabşyryldy. "Watan" habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamyny döretmegiň birinji tapgyry bolan Ahal-Balkan taze elektrik geçiriji ulgamyny dabaraly ýagdaýda...
Şu günlerdäki ýaly, howanyň üýtgeýän sepgit döwründe käbir adamlarda allergiýa ýagdaýlary ýüze çykýar. Bu ýagdaý iýmit önümleri, derman we himiki serişdeler, mör-möjekler, tozan hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döreýär. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde makala çap edilipdir. Allergiýanyň dowamlylygy birnäçe minutdan birnäçe güne çenli dowam edýär. Esasy alamatlary gözüň ýaşarmagy, bedene örgüniň örmegi, asgyrma, burundan suw akmagy ýaly ýagdaýlardyr. Bedende allergiýa döränden...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
889FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar