TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Gazylyp alýan pudaklara bagyşlanan halkara forum

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Bu foruma birnäçe döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, ministrler, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, akademiki toparlaryň, seljeriş merkezleriniň bilermenleri, hususy pudagyň we raýatlyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onuň baş maksady ählumumy, sebit hem-de milli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge ýaramaz täsir edýän howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin anyk hereketleri we teklipleri kesgitlemekden ybaratdyr.

Gazyp alýan pudaklaryň, şol sanda nebit, gaz we dag-magdan senagatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Zyýanly gazlaryň howa zyňylmagyny azaltmakda bu pudaklara möhüm orun degişlidir. Şunda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek, СOVID-19 ýokanjy zerarly emele gelen çökgünlikden soň, ykdysadyýeti dikeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, tebigy serişdeleri netijeli dolandyrmak, “ýaşyl energetika” geçmek, ekologiýa taýdan arassa we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, tehnologiýalara we innowasiýalara maýa serişdelerini gönükdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň Üçünji milli maglumatlarynyň çäklerinde geçirilen bilermenleriň bahalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli döwürde ykdysadyýetiň ösüşi jemi içerki önümiň birligine görä energiýa sarp edilişiniň udel agramy peseler. Şeýlelikde, ugleturşy gazyň zyňyndylarynyň möçberini 2025-nji ýylda 122 göterime çenli, 2030-njy ýylda bolsa 118,1 göterime çenli peseltmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda tokaýlary dikeltmek, howa şertleriniň täsirini peseltmek üçin ýerden peýdalanmak usullaryny gowulandyrmak ugrunda uýgunlaşdyryjy çäreler giňden ornaşdyrylýar. “Gök guşak” umumymilli maksatnamasynyň çäklerinde, suwaryşyň oňyn suw tygşytlaýjy usullaryny ulanmak arkaly, şäherleriň töwereklerinde ägirt uly meýdanlary tutýan tokaý zolaklary döredildi. Diňe şu ýylyň dowamynda ýurdumyzda goşmaça 30 million düýp bag nahallaryny ekmek meýilleşdirilýär.

 

25-nji maýda doglan ilkinji bäbekler

 

Ýene-de okaň

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi gutlady

Ata Watan Eserleri

Döwlet münberindäki Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy

Teswirle