JEMGYÝET

25-nji maýda doglan ilkinji bäbekler

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli dünýä inen bäbejikler bellige alyndy. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Yslam we Selbi Orazmyradowlaryň maşgalasynda ogul bäbek, Ýazmuhammet we Aýna Atajykowlaryň maşgalasynda bolsa gyz bäbek dünýä indi. Oglan bäbege Aşgabat, gyz çagajyga bolsa Merjen adyny dakdylar.

25-nji maý gününiň ilkinji günleri dünýä inen bu bäbejikleriň saglygynyň kadalydygy bellenilip geçildi. Oglanjygyň agramy 3 kilogram 985 gram, gyzjagazyň agramy bolsa 3 kilogram 720 gram. Körpejeleriň ikisiniň hem boýy 53 santimetr.

Täze dünýä inen bäbejikleirň maşgalasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

 

“AÅŸgabat-siti” döwrebap taslamanyň düýbi tutuldy

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Dünýäniň iň gymmatbaha sport brendleri

vepa

Türkmenistan Täze Zelandiýa we Tunise ilçi belledi