TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Garaşsyzlyk Bitaraplyk ösüşiň goşa ganaty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Adamzadyň diňe parahatçylyga, agzybirlige, gadyr-gymmatlylyga, salykatlylyga gönügen ruhy baýlyklaryndan uly hazyna döräpdir. Şol hazynadan her kim öz paýyny alýar. Şol hazynany herkim özüniňki hasap edýär. Biziň daýanjymyz, örkümiz şonda. Şonuň üçinem garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyz üçin ata-babalarymyzyň milli ruhy taglymat gymmatlygydyr.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk ýyllarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň  at- owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini  parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi.Garaşsyzlyk   ̶   halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri täze öwüşgünde hasyl boldy. Garaşsyzlyk halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlygyň şöhratly ýollarynda amala aşyrylýan beýik işleriň her biri asyrlara barabar gahrymançylykly wakalardyr.Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna-dünýä eşretleriniň el ýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň özbaşdak, Garaşsyz döwlet baradaky asyrlar boýy edip gelen arzuwy 1991-nji ýylyň altyn güýzünde hasyl bolup, Garaşsyz türkmen döwleti emele geldi. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýyşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönikdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň gelejekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň ösen giň toplumy döredildi.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen  ýurdumyzyň daşary syýasyýet doktrinasy hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan  iki gezek ykrar edilen ilkinji Bitarap  ̶  döwlet bu biziň ata Watanymyz-Eziz Türkmenistandyr! Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de  ýurdumyzyň öndengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orny eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi şol taryhy ýoluň uly ähmiýetli wakasydyr. Bitaraplyk derejesi ýurdymyza  Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolan  bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy- medeni durmuşynda üstünlikleri gazanmakda onuň oňyn ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde Bitaraplyk derejesi sebit we dünýa möçberinde ýagdaýlary durnuklaşdyrmagyň, syýasy, ykdysady, ynsanperwer, ekologiýa taýdan wajyp meseleler çözülen halatynda döwletleriň we halkara guramalaryň netijeli hyzmatdaşlygyna oňyn täsirini ýetirmegiň nusgasy hökmünde özüni has aýdyn ýüze çykarýar. 2017 – 2023-nji ýyllarda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugurynyň konsepsiýasyna laýyklykda, dünýäniň dürli ýurtlary we Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk hereketi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet  berilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güniniň  30 ýyllyk şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy hem- de ýurdymyzyň bagtyýar halkyny tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gahryman arkadagymyzyň baş tutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk- de gülläp össün!

                                                                               

                                                                    Kakajan Kakajanow,

                                                  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

                                                   Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl  talyby.   

Türkmen-özbek toparynyň 16-njy mejlisi geçiriler

 

         

                

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle