TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“EURO-2024” futbol çempionatynyň nyşany tanyşdyryldy

Germaniýada geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň (Euro-2024) nyşany tanyşdyryldy.  “EURO 2024”-iň şygary: “Futbol bilen birleş.Ýewropanyň merkezinde bilelikde”.

Ýewropa çempionaty ýene-de 3 ýyldan Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriler. Ýaryşyň nyşany, UEFA-nyň 55 milli birleşiginiň baýdaklaryna we reňklerine esaslanýar, dürli kombinasiýalarda birleşip, Berlindäki “Olimpiaştadion” stadionynyň üçegini emele getirýär. Onuň merkezinde meşhur Anri Delonyň kubogy ýerleşýär we töweregindäki 24 reňkli zolak Ýewropa çempionatynyň soňky tapgyryndaky 24 gatnaşyjyny alamatlandyrýar.

Bu nyşan UEFA, Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasy (FSS) we kabul edýän 10 şäheriň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň netijesinde taýýarlandy. Ony Lissabonda ýerleşýän “VMLY & R Branding” kompaniýasy işläp düzdi.

Dabara UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin, FSG-nyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Rainer Koh, ýaryşyň direktory Filip Lam, şeýle hem Dortmund, Düsseldorf, Gelsenkirhen we Ştutgart şäher häkimleri, beýleki şäherleriň wekilleri, ýokary derejeli wekiller gatnaşdy.

17=nji gezek geçirilýän “Euro-2024” çempionatynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda 51 duşuşyk geçiriler. Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriljek bu ýaryşyň oýunlarynyň tertibi 2022-njilda tassyklanar.

Häzirki wagtda Ýewropanyň çempiony Italiýanyň milli ýygyndysy.

Germaniýa ikinji gezek Ýewropa çempionatyny kabul eder, ilkinji gezek yklymyň iň gowy toparlary 1988-nji ýylda Germaniýa ýygnanypdy. 2006-njy ýylda Germaniýa dünýä çempionatyny hem gurnapdy.

Nobel hepdeligi: himiýa boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri belli boldy

 

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle