TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary we onuň geçen taryhy ýoly

Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlary Gyrgyz Respublikasynda geçirilen iň uly halkara sport ýaryşydyr. Bu sport ýaryşynyň öňbaşçysy bolup, Gyrgyz Respublikasy çykyş edýär. Bu boýunça ilkinji başlangyç, 2012-nji ýylda Gyrgyzstanyň Bişkek şäherinde geçirilen Türki dilli ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň sammitinde Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň bu barada Bişkek jarnamasyna gol çekmegi bilen başlanýar. Ýaryşyň esasyny Merkezi Aziýanyň çarwa halklarynyň taryhy halk oýunlary düzýär. Spor­tuň et­ni­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bu ýa­ry­ş  dün­ýä­niň çar­wa­dar halk­la­ry­nyň ta­ry­hy we me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak­dan hem-de tä­ze­den di­kelt­mek­den yba­rat­ bolup durýar.

Ilkinji oýunlar 2014-nji ýylyň 9-14-nji sentýabrynda Yssyk kölüň kenarynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Bu halkara ýaryşynyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na dün­ýä­niň en­çe­me ýur­dun­dan döw­let we hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry, meş­hur sun­gat us­sat­la­ry, ki­no äle­mi­niň ýyl­dyz­la­ry ça­gy­ryl­ýar. Şeý­le hem, sport ýa­ry­şy­nyň dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len iri köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­ne ça­ky­lyk­lar ibe­ril­ýär.  Çarwadarlaryň birinji Bütindünýä oýunlaryna dünýäniň 19 ýurdundan 583 türgen gatnaşýar. Onuň maksatnamasyna sportuň 10 görnüşi girizilýär.  Onda biziň watandaşlarymyz guşakly göreş boýunça geçirilen ýaryşlarda 3 altyn we 2 bürünç medaly eýelemegi başarýarlar.  Şol oýunlar ýene 40 döwletde görkezilip, 230 million adam tomaşa edýär.

Ýylsaýyn halkara derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlary guramagyň zerurlygy netijesinde, şunuň ýaly  ýaryşlaryň yzygiderli geçirilip durulmagyna itergi berýär. Ine, 2016-njy ýylda geçirilen II Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň sany köpelip, 62-ä ýetýär. Oňa Azerbaýjan, Argentina, Ermenistan, Bangladeş, Belarus, Benin, Botswana, Braziliýa, Wengriýa, Gwatemala, Germaniýa, Gruziýa, Zambiýa, Ysraýyl, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Islandiýa, Italiýa, Gazagystan, Kanada, Hytaý, Kolumbiýa, Kongo, Latwiýa, Litwa, Madagaskar, Moldowa, Mongoliýa, Niderlandiýa, Päkistan, Polşa, Russiýa, Serbiýa, Slowakiýa, ABŞ, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan, Ukraina, Urugwaý, Filippinler, Finlýandiýa, Çehiýa, Şweýsariýa, Şri-Lanka, Estoniýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy we Ýaponiýa ýaly  döwletler gatnaşýar. Sportuň milli görnüşleri boýunça geçirilen bu giň möçberli ýaryşlarda ildeşlerimiz türkmen milli göreşi, guşakly alyş göreşi, gazak we gyrgyz göreşi boýunça çykyş edip, 23 medala – 15 altyn, 2 kümüş we 6 bürünç medallara mynasyp bolýarlar.

Aýratyn hem, bu abraýly ýaryşa Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem uly üs­tün­li­ge eýe bolup, oňa özboluşly bezeg berýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriniň hem-de sirk sungaty festiwalynyň ençemesiniň abraýly baýraklaryna mynasyp bolýar. Çolpan-Ata ajaýyp ahalteke bedewleri hem-de türkmen çapyksuwarlarynyň ussatlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Häzirki wagtda bu topar diňe bir ýudumyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden uzakda hem meşhurdyr.

Umuman, Gyrgyz Respublikasy bu sport baýramçylygyny guramak bilen öz milli däp-dessurlaryny dünýä ýaýmagy maksat edindi. Çünki çarwadarlyk dünýäniň köp döwletleriniň üns merkezinde durýar. Gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly dünýäniň çarwa halklarynyň medeniýetini gorap saklamak  we adamzat medeniýetiniň mirasy hökmünde, dünýäniň gadymyýetden gelýän sportuny, medeni oýunlaryny ösdürmek, döwletleriň we halklaryň öz taryhyna, medeniýetine we däp-dessurlaryna aýawly çemeleşmegini gazanmak bu ýaryşyň esasy maksatlarynyň birine öwrülýär.

Gyrgyz Respublikasynyň dünýä derejesindäki giň gerimli taslamasy bolan Bütindünýä çarwadarlarynyň III oýunlary 2018-nji ýylyň 2-9-njy sentýabry aralygynda ýene-de, Çolpon-Ata şäherinde geçirilýär. Onda sportuň 37 görnüşi boýunça ýaryşlar alnyp barylýar. Üçünji gezek geçirilen bu oýunlara Türkmenistan, Awstraliýa, Ermenistan, Bangladeş, Gazagystan, Gruziýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Ispaniýa, Mongoliýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Polşa, Özbegistan  ýaly  döwletlerden türgenleri gatnaşyp çykyş edýärler. Türkmen türgenleriniň Ýer ýüzünde meşhurlygy barha artýan bu oýunlarda üstünlikli çykyş edip gelýändigini ýeri gelende nygtamak bolýar. II Oýunlarda türkmen türgenlerimiz ýer eýeleriniň wekillerinden soň toparlaýyn ikinji orna mynasyp bolupdylar. Bu gezekki ýaryşa, 80 çemesi döwletden 2 müňden gowrak türgen gatnaşdy. Sportuň 37 görnüşi boýunça dürli derejedäki medallaryň 500-sini almak ugrunda bäsleşikler guraldy. Oňa şol wagtky Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary gatnaşyp, olar sportuň guştini milli kamarbandi (täjik göreşi) boýunça 1 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç medallara, alyş (gyrgyz göreşi) boýunça 4 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç medallara, gazak göreşi boýunça 1 bürünç medala, türkmen milli göreşi boýunça 3 altyn medala, pahlawani (eýran göreşi) boýunça 1 kümüş, gyrgyz göreşi boýunça 1 kümüş, 4 bürünç medallara, aşyrtmaly aba göreşi boýunça 1 kümüş, kuraş boýunça 1 bürünç, Sambo boýunça 2 altyn, 1 bürünç medallara, ýagny 10 altyn, 5 kümüş, 12 bürünç,  jemi 27 medala eýe boldular. Bu ajaýyp netijeler, ýurdumyzyň sport abraýyny ösdürmekde we geljegimiz bolan ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi hem-de asylly başlangyçlary türkmen türgenlerimizi täze  ýeňişlere besleýändigine şaýatlyk edýär.  Şeýle-de,  tomaşaçylar at çapyşygy, tanapy çekip dartmak, ýaýdan ok atmak, laçynly, tazyly aw ýaly oýunlara tomaşa etdiler. Bular bolsa çarwalaryň gadymyýetden dowam edip gelýän oýunlarydyr.

Meşhurlygy ýyl-ýyldan artýan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň geljekki ýaryşlarynda «sadranç», «takylatdy», «peçiz», «düzzüm» we «bäş daş» ýaly milli oýunlarymyzy görüp bileris. Indi bolsa bu Merkezi Aziýanyň halklarynyň gyzykly milli oýunlary, 2021-nji ýylyň güýzünde Türkiýede geçiriljek Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary arkaly meşhurlygyny has-da artdyrar.

Gözel EMINOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ärdoganyň Türkmenistana sapary göz öňünde tutulýar

 

Ýene-de okaň

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Türkmenistan-Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklarynyň täze ugry

Teswirle