TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Ärdoganyň Türkmenistana sapary göz öňünde tutulýar

Şu günler dünýäniň iri döwletleriniň ýolbaşçylaryndan hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin we beýleki köp sanly ýolbaşçylar bilen bir hatarda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem milli Liderimize gutlag hatyny iberdi. Türkiýäniň Prezidenti öz gutlag hatynda Türk­me­nis­ta­na bol­jak sa­pa­ryň do­wa­myn­da hormatly Prezidentimiz bi­len ge­çi­ril­jek du­şu­şy­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­ndygyny belläp geçdi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik hem geçirildi.

Dostlukly ýurduň Prezidentiniň gutlag hatynda hususan-da şeýle diýilýär:

Türk hal­ky­nyň adyn­dan we hut öz adym­dan Si­zi dog­lan gü­nü­ňiz bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň umu­my gym­mat­lyk­la­ry esa­syn­da Tür­ki­ýe bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ösüş dep­gi­ni äh­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ryň aý­dyň be­ýa­ny bo­lup dur­ýar.

Türk­me­nis­ta­na bol­jak sa­pa­ryň do­wa­myn­da Si­ziň bi­len ge­çi­ril­jek du­şu­şy­ga sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­ryn. Hä­zir sa­pa­ra taý­ýar­ly­gyň çäk­le­rin­de ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ň gün ter­ti­bi­ni eme­le ge­tir­ýän iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­niň bi­le­lik­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­ýä­rin.

Hor­mat­ly do­ga­nym, pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Si­ze berk jan sag­lyk we bagt, Türk­me­nis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa aba­dan­çy­lyk hem-de ro­waç­lyk ar­zuw ed­ýä­rin!

 

Uçýan awtoulagyň synagy üstünlikli tamamlandy

 

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky strategik hyzmatdaşy

Amerikan işewürleri bilen duşuşyk

Teswirle