PEÝDALY MASLAHAT

Çagany perzentlige almagyň tertibi

Çagany perzentlige almagyň tertibi:

Bu barada Adalat ministrliginiň resmi saýtynda şeýle berilýär. Çagany perzentlige almak ony perzentlige almak isleýän adamyň (adamlaryň) ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da perzentlige alynýan çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça geçirilýär.

Çagany perzentlige almak isleýän adam (adamlar) degişli arzany öz ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da perzentlige alynýan çaganyň ýaşaýan ýeri boýunça häkimiň garamagyna berýär.

Häkim hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan taýýarlanan resminamalaryň esasynda, onuň gatnaşmagynda on senenama gününiň dowamynda resminamalara garaýar we çagany perzentlige almak hakynda karar çykarýar.

Perzentlige alýanyň we perzentlige alnan çaganyň hukuklary we borçlary çagany perzentlige almak baradaky kararyň çykan gününden başlap ýüze çykýar.

Çagany perzentlige alan adam (adamlar), çagany perzentlige almak baradaky häkimiň kararyny hem ýanyna goşmak bilen, degişli RÝNÝ edarasyna çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy barada arza berýär.

Çaganyň perzentlige alynmagy baradaky kararyň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy bu karar we perzentlige alanyň (alanlaryň) arzasy ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň habary esasynda çaganyň perzentlige alynmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyny geçirýär.

 

Pasport resmileşdirmek üçin gerekli resminamalar

 

 

Ýene-de okaň

Şahsy pensiýalar: binýatlyk ölçegiň 20 esse möçberinde bolar

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň önümçilik senenamasy tassyklandy

Terjime üçin “Makul Hyzmat” terjime merkezine ýüz tutuň!

Türkmenistanyň raýatynyň pasporty: Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Baş Redaktor

Daşary ýurtda okaýanlar üçin harby gulluk barada soraglara jogaplar

Baş Redaktor

TÜRK PEÝNİRLERİ