SIZDEN GELENLER

Bütindünýä hassalaryň howpsuzlyk güni

2019-njy ýylyň maý aýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agza bolan 194 döwletiň ählisi 72-nji Bütindünýä saglyk ýygnagynda her ýylyň 17-nji sentýabrynda bellenjek Bütindünýä hassalaryň howpsuzlyk gününiň (72.6 karary) döredilmegini goldady. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 2016-njy ýyldan bäri hassalaryň howpsuzlygy boýunça her ýyl geçirlýän Ählumumy sammitlerde, şeýle hem halkara we milli derejeli wagyz-nesihatlarynda yzygider çykyş edýär.

Bütindünýä hassalaryň howpsuzlyk gününiň (World Patient Safety Day) maksady jemgyýetçiligiň habardarlygyny we gatnaşygyny ýokarlandyrmak, global düşünişmegi güýçlendirmek, şeýle hem hassalaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin raýdaşlygy we birnäçe global çäreleri geçirmäge höweslendirmekden ybaratdyr.  hassalaryň howpsuzlygy barada dünýä derejesinde ýokarlandyrmaklyga we hassalaryň zyýanyny azaltmak maksady bilen ähli ýurtlary we halkara guramalary agzybirlige we jebislige çagyryş etmeklige gönükdirilendir.

Ýaramaz hadysalar sebäpli näsaglaryň zyýany dünýäde keseliň we ölümiň esasy sebäplerinden biridir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, pes we orta girdejili ýurtlarda her ýylda hassahana ýerleşdirilýänleriň 134 milliony hassalaryň howpsuzlygy sebäpli ýüze çykýandygyny we onuň netijesinde 2,6 million adamyň ölmegine sebäp bolýandygyny görkezýär.

Bu halkara gün saglygy goraýyşda bolup biläýjek zyýany azaltmak we saglygy goraýyşyň ählumumy gurşawyna ýetmeklik üçin her ýyl täze mowzuga bagyşlanýar. Howpsuz ideg sebäpli zenanlara we täze doglan çagalara ýetirilýän zyýanyň ep-esli ýüküni göz öňünde tutup, şu ýylky 2021-nji ýyly Bütindünýä hassalaryň howpsuzlyk güni ene we täze doglan çagalara ideg etmekde çykýan howpsuzlygy ileri tutmak we çözmek zerurlygyna bagyşlanýar.

Gurbanjemal Egirjäýewa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň III ýyl talyby

Döwlet münberiniň toplumy ulanmaga berildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan – medeniýetiň we sungatyň sarpalanýan ýurdy

Matematika we sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Ata Watan Eserleri

Bilimli ýaşlar — Watanyň beýik gurujylary

Medeniýet halkyň kalbydyr

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz