TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Buker” baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Ýazyjylara, hususan-da roman ýazýan ýazyjylara gowşurylýan “Buker” baýragynyň 2021-nji ýyldaky ýeňijisi belli boldy. Ol günorta afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgutdyr. Bu ýazyjy “Wada” atly (The Promise) eseri bilen abraýly baýragyň eýesi boldy.

Umuman, London şäherinde iňlis dilindäki edebiýat eserleriniň iň abraýly baýragynyň eýesi yglan edildi. Romanda 1980-nji ýyllardaky Günorta Afrika Respublikasyndaky apartidleriň durmuşy beýan edilýär. Roman 4 bölümden ybarat.

Keýptaunda ýaşaýan 57 ýaşly ýazyjy 10 sany roamn ýazdy. Onuň “Wada” atly romany soňky 7 ýylda ýazan ilkinji eseridir. Mundna ozal, hem Gelgutyň 2 sany romany Buker baýragynyň gysga sanawyna girizilipdir. Olar – 2003-nji ýylda “Mylakatly lukman” hem-de 2010-njy ýylda “Tanyş däl otagda” atly eserlerdir.

Gelgut – bu baýragy mynasyp bolan üçünji Günorta Afrika Respublikasynyň wekilidir. 1974-nji ýylda “Buker” baýragyna Nadin Gordimer, 1983-nji hem-de 1999-njy ýyllara Jon Makswell Kutzee mynasyp bolupdy. Bularyň ikisi hem soňra edebiýat boýunça Nobel baýragyny hem gazanypdy.

68 MÜŇ DOLLAR SYLAGLY BAÝRAK

50 müň futn-sterling (68 müň dollar) pul baýragy bolan “Buker” baýragy ugurndaky bäsleşikde Deýmon Gelgut 2019-njy ýylda Pulitser baýragynyň eýesi, amerikaly Riçard Pauers, amerikaly Meggi Şipsted we Patriş Lokwud ýaly belli ýazyjylardan öňe saýlanmagy başardy.

2021-nji ýyldaky “Buker” baýragynyň ýeňijisini saýlamak üçin 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada çap edilen 158 eserden iň gowulary saýlanyp alyndy.

 

BSGG-dan Hindistanyň “Covid-19” sanjymyna tassyknama

Ýene-de okaň

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Noýabr aýynyň soňky 10 günlügi: halkara medeni çäreler

Teswirle